SPORT

Ýemelýanenko Taýson bilen boks tutuluşygyna çykmakçy

Ozalky rus garyşyk söweş sungatynyň (MMA) türgeni Fýodor Ýemelýanenko dünýä belli boksçy Maýk Taýson bilen boks düzgünleri boýunça tutluşyk geçirmegi meýilleşdirýändigini habar berdi.

Rus neşirleriniň habaryna görä, “Tutluşyk boks düzgünleri boýunça geçiriler. 12 döwden ybarat bolar. Iki tarapyň bu barada razyçylygy bar. Ýöne maliýe meselelerine seredilýär” – diýip, Ýemelýanenko belläp geçdi.

Ýemelýanenkonyň bellemegine görä, tutluşygy geçirmek üçin birnäçe gepleşikler geçirildi. Deslapky maglumatlara görä, tutluşyk Saud Arabystanyda bolar. Ýöne entek senesi kesgitlenmedi. Rus türgen bu tutluşygy maliýeleşdirjek we guramaçylygy alyp barjak hyzmatdaşlaryň gözlenýändigini belledi.

Ady rowaýata öwrülen Maýk Taýson 2005-nji ýylda professional boks karýerasyny tamamlady. Fýodor Ýemelýanenko bolsa, 2023-nji ýylda başa–baş göreş boýunça sport karýerasyny tamamlap, mundan soňra birnäçe görkezme çykyşlaryna gatnaşmagy meýilleşdirýändigini belläpdi.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy