BILIM

ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti Täze ýyl kitap ýarmarkasyny geçirýär

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistana wekiliýeti Aşgabatdaky ofisiniň howlusynda açyk asmanda Täze ýyl kitap ýarmarkasyny gurady.

Baýramçylyk çäresine Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary, welaýatlardan gelen myhmanlar, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, kitap dükanlary we senetçiler gatnaşdy. Çärede kitap satuwy, kitap alyş-çalyş nokady, “Ýagşylyk et” haýyr-sahawat işi geçiriler, şeýle-de Roždestwo äheňli aýdymalary we ýörite tagamlar hödürlener.

Ýörite döredilen aýdym sanawynda Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlaryň italýan, fransuz, nemes, rumyn, polýak, çeh, latwiýa, ispan, gollandiýa we iňlis dillerinde Roždestwo we Täze ýyl aýdymlary bolar.
Roždestwo kitap ýarmarkasy adamlary jemlemek we baýramçylyk ruhuny ýaýratmak üçin ajaýyp pursatdy bolup hyzmat etdi. Medeni alyş-çalyş üçin esas bolup, Ýewropa Bileleşiginiň medeni mirasyny açyp görkezdi.

Salgysy: Jelaleddin Rumy (Andijanskaýa) köçesi, 46-njy jaý, Aşgabat, Türkmenistan

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary