Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda giň dünýägaraýyşly hem-de häzirki zaman ylmyna, oňyn pikirlenmelere ygrarly ýaş nesliň ýetişdirilmegi bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmen ýaşlary ähli güýç-gaýratyny, bilimlerini we ukyplaryny ulanyp, aň-paýhas hem-de döredijilik kuwwatyndan peýdalanyp, möhüm döwlet wezipeleriniň netijeli çözülmegine, kabul edilen uzak möhletli maksatnamalaryň, geljegi uly meýilnamalaryň hem-de taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyr. Şol maksatnamalar Watanymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle diýýär: «Ýurdumyzy gülledip ösdürmegiň täze tapgyry başlanýar. Bu döwrüň hem üstünliklere, ösüşlere beslenmegi ýurdumyzyň asudalygyna, döwlet bilen halkyň jebisligine baglydyr».
Berkarar Watanymyzda ähli raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi we olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň gazanylmagy, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýarlyga beslenen zamanamyzda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy kemala getirildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatynda netijeli işler ýola goýuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmäge, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleriň kemala gelmegine ýardam eder.
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, syýasy berkararlygyny goldamaga, ylym-bilimi, medeniýeti, saglygy goraýşy we beýleki ulgamlary ösdürmäge ýaşlarda uly höwes bar. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we tejribede synap görmäge ýaşlaryň köpçülikleýin çekilmegi işleri has-da ilerledýär. Ýurt derejesinde hem-de ondan daşary matematika, himiýa, informatika, dil ugry, tebigy we gumanitar ylymlary babatda halkara bäsleşikler geçirilýär. Olara zehinli ýaşlarymyz gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýadyň döredilendiginiň subudydyr.
Her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilýän ylmy bäsleşikleriň zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ähmiýeti uludyr. Şeýle bäsleşiklerde ýörite baýraklaryň goýulmagy, Hormat hatlaryň, Diplomlaryň berilmegi ýaşlary we talyplary ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Bu çäreler türkmen ylmyny ösdürmekde, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmekde goldaw-hemaýatdyr. Şeýle ylmy bäsleşiklere ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar yzygiderli gatnaşyp gelýärler.