SIZDEN GELENLER

Ýaşlar – ýurduň geljegi

Ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny dünýädäki ösen tejribelerden ugur alyp kämilleşdirmäge gönükdirilen tutumly işler barha öňe ilerleýär.

Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeleri köňülleriniň owazyna, dilleriniň senasyna öwren ýaşlarymyzyň dürli halkara ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri bolsa, şol işleriň ajaýyp miwesi bolup durýar.

Ýurdumyzyň geljekde hem gülläp ösmegini bilimli nesilde görýän hormatly Prezidentimiziň  sanly ulgamy ösdürmeklige aýratyn uly ähmiýet bermegi netijesinde bu ugurda ýetilýän belent sepgitlerem buýsandyryjydyr. Bu özgertmeleriň ählisi ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynyň binýadyny pugtalandyrjak kämil hünärli ýaş nesilleri taýýarlamaga gönükdirilip, şol ýaşlaryň geljekde Watanymyzy ösüşiň has uly belentliklerine çykarjakdyklaryny buýsanç hem ynam bilen aýdyp bileris.

Diýarymyzda ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açmaklary, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapyp, il-günümize gerekli, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan bagtyýar talyp ýaşlar diňe bir hünär bilimlerini ösen tehnologiýalaryň esasynda ele almak bilen çäklenmän, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerini uly buýsanç, döredijilik ylhamy bilen wasp edýärler.

Sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmegiň tapgyrlarynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly — elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary we gollanmalar, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Ýurduň geljeginiň ýaşlar bilen baglydygy olaryň ylymdan ýüküniň ýetik bolmagyna zerurlyk döredýär. Döwletiň dürli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler ylma daýananda, olaryň köki has çuňluklara ornaýar. Şonuň üçin-de ýurdumyzda ylmy açyşlarda ýaş alymlaryň paýynyň bolmagy üçin oňyn mümkinçilikleri döredilýär.

Gülbahar Annakowa, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

 

 

Welosiped – ekologiýa taýdan arassa ulag

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty