BILIM

«Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda «Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşigi geçirildi. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň 7-12-nji synplarynda okaýan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşige ýüzden gowrak ýaş hünärmenler özleriniň taslama işleri we robotlary bilen gatnaşdy.

 

Gyzykly geçen bäsleşikde “Akylly öý” taslama-döredijilik ugry boýunça:

I orna Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Annaberdiýew;

II orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Döwlet Saparow;

III orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Serdar Öwelekow mynasyp bolup gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Bäsleşigiň robototehnika ugry boýunça:

I orna Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Çaryýew;

II orna Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Emirhan Gylyçmuhammedow;

III orna Lebap welayatynyn Halaç etraby 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Rozmyrat Ýagşymyradow mynasyp bolup gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan sowgatlar we minnetdarlyk hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary