SPORT

Ýaş goragçy «Fenerbahçeniň» rekordyna öwrülip biler

Geçen gyşda «Fenerbahçeniň» düzümine goşulan we gysga wagtda janköýerleriň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan wenger futbolçy Atila Szalai futbol ýoluny Angliýada dowam etdirip biler. Premýer ligada soňky ýyllardaky güýçli futboly bilen janköýerlerini köpelden «Lester Sitiniň» tälimçileri Türkiýede ýyldyzlaşan futbolçyny toparda görmek isleýärler.

Özi-de, Szalainiň transferi «Fenerbahçeniň» taryhyndaky rekord derejedäki baha bilen amala aşyrylyp bilner. Türk topary iňlis wekillerine futbolçyny 25 million ýewrodan arzan satmakçy däl.

Ýeri gelende aýtsak, Atilla Szalai türk toparyna «Apollon Limassoldan» geçipdi. «Lester Siti» kluby Wengriýanyň Polşa bilen geçiren duşuşygyna ýörite wekil goýberdi. Bu wekiliň esasy wezipesi Szlainiň oýnuna tomaşa etmekden ybarat boldy. Üstesine-de, «Lesteriň» wekili futbolçynyň oýundaky işjeňligine haýran galdy.

Mälim bolşy ýaly, Atilla Szlai goragda çykyş edýär. «Lesteriň» gorag çyzygynda bolsa Çaglar Söýünji, Jonny Ewans, Wesli Fofana, Wes Morgan ýaly ýyldyz futbolçylar bar. Soňky wagtlarda 3 goragçyly ulgama üns berýän baş tälimçi Brendan Rojers käte meýdanyň merkezindäki futbolçylary goraga çekmäge mejbur bolýar. Üstesine-de, «Lesteriň» türkiýeli goragçysy Çaglar Söýünjiniň Ýewropanyň has uly klublaryndan hyrydary kän. Bu bolsa Atilla Szalai ýaly ýaş we işjeň goragçynyň zerurlygyny ýüze çykarýar.

 

“Türkmenhowaýollary”: halkara howa gatnawlary boýunça

 

 

 

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov