BILIM

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanyldy

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde türkmen dilini öwredýän sapaklary öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Munuň özi ylym ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Bu işler giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde, iki dostlukly halky ýakynlaşdyrmakda we medeniýetlerimizi özara baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Agzalan sapaklaryň işi we türkmen diliniň okadylyşy bilen tanyşmak üçin 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde geçirilen “Türkmen dili” okuw sapagyna gatnaşdy.

Okuw sapagynyň dowamynda ýapon talyplary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragy baradaky täze goşgusyny türkmen dilinde okap berdiler.

Häzirki wagtda bu sapaklarda 50-den gowrak Ýapon we daşary ýurtly talyplar türkmen dilini öwrenýärler.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary