DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Gazagystana barar

Ýaponiýanyň Premýer-ministri fumio Kisidanyň 2024-nji ýylyň awgustynda resmi sapar bilen Gazagystana barmagyna garaşylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýesimasa Haýasi metbugat ýygnagynda habar berdi.

– Mümkinçilikleriň çäklerinde şu ýylyň awgustda Premýer-ministr Kisida Gazagystanda saparda bolar – diýip, ol belledi.

Haýasi häzirki wagtda Merkezi Aziýa+Ýaponiýa görnüşinde ýokary derejedäki sammiti guramak boýunça gepleşikler geçirilýändigini belledi. Bu sammitiň Merkezi Aziýa+Ýaponiýa görnüşindäki dialogyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna gabatlanyp geçiriljekdigi bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmegiň Ýaponiýa üçin möhüm ugur bolup durýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi