DÜNÝÄ

Ýaponiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarly

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylda meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara üns berdiler.

Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Taraplar “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtap geçdiler. Iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriniň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy