DÜNÝÄ

Ýapon Premýer-ministri Türkmenistany Olimpiýa medaly bilen gutlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi. Ýapon hökümetiniň baştutany öz hatynda Türkmenistanyň Prezidentini Türkmenistanyň Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medala mynasyp bolmagy bilen gutlady.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

Ýakynda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan wise-premýer jenap Serdar Berdimuhamedow Siziň Alyhezretiňiziň maňa iberen hatyny gowşurdy. Siziň Alyhezretiňize aladalaryňyz we ünsüňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Sizi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Tokio Olimpiadasynda gazanan üstünlikleri, hususan-da, ýurduňyzyň taryhynda zenanlaryň arasynda agyr atletika boýunça Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medala mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Soňky ýyllarda Siziň Alyhezretiňiziň baştutanlygynda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Wise-premýer jenap Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy wezipesine girişmegi bilen gutlaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň arasynda ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyňmundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynanýaryn. Şeýle hem Sizi Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan ýapon kompaniýasynyň gatnaşmagynda Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň!

Geljek ýyl Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Geljekde hem Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikde giň ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda tagalla ederin. Men azat we açyk Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gatnaşyklary dowam etmegi maksat edinýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden berk jan saglyk we uly üstünlikler hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegini arzuw edýärin.

 

Türkmenistan Türkiýä gynanç bildirdi

 

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

6-njy dekabrda “Ýaýa we Lenni” atly italýan animasiýaly multfilm görkeziler

Kuweýt Türkmenistana täze ilçi belledi

Gazagystanyň medeniýet ministri wise-premýerlige bellendi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi