SIZDEN GELENLER

Ýapon maňyzynyň peýdasy

Rus dilinde (Кешью) ady bilen tanalýan özüniň iýmitlik gymmaty bilen tapawutlanýan Ýapon maňyzy tropiki klimatlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Ol adamyň bedenine örän ýokumly bolup, onuň gabygyndan lukmançylykda we tehnologiýada ulanylýan ýag alynýar.

Ýapon hozunda beloklar, uglewodlar, poli doýgun ýag kislotalary, A, , ,  we E witaminleri, niasin, kalsiý, kaliý, sink, mis, marganes, selen, demir we fosfor ýaly elementler bardyr. Ol antibakterialdyr we çişme kesellerine garşy ähmiýetlidir.

Witaminlere baý bolan Ýapon maňyzynyň düzümindäki poli doýgun ýag kislotalary ganyň holestrininiň derejesini peseldýär. Ondaky demir we kaliý beýni ulgamynyň işleýşini gowlandyrmaga, ýürek-damar we gan aýlanyşygynda ýüze çykýan keselleriň öňüni almaga we ýürek myşsasyny berkitmäge kömek edýär. Mundan başga hem Ýapon maňyzy adamyň bedeninde bolup geçýän gan aýlanyşgyny gowlandyrýar we gan basyşyny kadalaşdyrýar. Gadymy döwürlerde hindiler adatça diş agyrysyny aýyrmak üçin hoz pudrasyny ulanypdyrlar. Ol agyz boşlugynda döreýän ýiti yslary aýyrmakda hem has-da ähmiýetlidir.

Adamda ýüze çykýan sowuklama, bronhit we faringit ýaly keselleri bejermekde Ýapon maňzynyň peýdasy has-da uludyr. Ol bedeniň immunitetini ýokarlandyrýar we iýilen iýmit önümleriniň çalt siňmegine ýardam berýär.

 

Arazgeldiýewa Gülzada,

 TOHU-nyň talyby

 

“Ahal” topary AFK-nyň Kubogyny ýeňiş bilen başlady

 

 

Ýene-de okaň

Saglyk ömrüň girewidir

Mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirilýär

Täze ýylyň şatlygy-döwrüň bagtyýarlygy

Türkmen Bitaraplygynyň nobatdaky beýany

Bitaraplyk – asudalygyň nusgalyk ýoly

Türkmen Bitaraplygy – köňülleriň buýsanjy

Ata Watan Eserleri