BIZNES

Ýanwar aýy:düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 2 milliard 545 million manat

16-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy.
Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi
2 milliard 545 million manat boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 24,6 göterim köpdür. Munuň özi önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler we öňümizde durýan wezipeler köp diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary