JEMGYÝET

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady. Wladimir Putin iberen gutlag hatynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer hem-de beýleki birnäçe ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilýändigini belledi.

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Biziň halklarymyzy baglanyşdyrýan dostlugyň we özara hormat goýmagyň oňyn däplerine daýanyp, bize geçen onýyllyklarda döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak başartdy. Syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer hem-de beýleki birnäçe ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär.

Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi biziň dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär, Merkezi Aziýada hem-de Hazarda howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň maksadyna eýerýär.

Size berk jan saglyk hem-de üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidentinden Russiýa gutlag haty

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar