DÜNÝÄ

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Şu ýylyň 4–5-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Narendra Modiniň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen Hindistana barar.

Hindiýanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça 4–5-nji dekabrda Wladimir Putin döwlet sapary bilen Hindistan Respublikasyna barar.

Bu sapar uly ähmiýete eýedir, ol rus-hindi strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli giňişleýin gün tertibini syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehnologiki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem möhüm halkara we sebitleýin meselelere seretmäge mümkinçilik berýär.

Hut şol meseleler Narendra Modiniň ýolbaşçylygyndaky hindi wekiliýeti bilen gepleşikleriň esasy üns merkezinde bolar.

Russiýanyň Prezidentiniň Hindistanyň Prezidenti Droupadi Murmu bilen aýratyn duşuşygy hem geçiriler.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edilmegi, birnäçe ikitaraplaýyn pudagara we täjirçilik resminamalaryna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: DV-2027 yglan edilermi?

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň ilçisine täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara kofe gününi döretdi

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi