TEHNOLOGIÝA

“WhatsApp”-yñ täze ýyl rekordy

Dünýä belli “Facebook” kompaniýasy, Täze ýyl baýramçylyk günlerinde meşhur “WhatsApp” jemgyýetçilik ulgamynyñ gazanan üstünliklerini paýlaşdy.
Geçirilen statistika netijeleri boýunça “WhatsApp” jemgyýetçilik ulgamynyñ ulanyjylary, Täze ýyl gününde jemi 1,4 milliard sesli we wideo şekilli arkaly jañlaryny üstünlikli amala aşyrypdyrlar.
Bu netije geçen ýyl bilen deñeşdirilende 50% göterim ýokarlanypdyr. “WhatsApp” jemgyýetçilik ulgamynyñ taryhynda bolsa bir günde jañlaryñ sany boýunça rekord diýip hasaplanyldy.
Şeýle hem şu günlerde “Facebook Messenger” ulgamynda hem toparlaýyn jañlaryñ adaty günlerden iki esse köp geçirilendigi barada hem habar berilýär.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar