SPORT

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi.

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň onaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we Olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Welosport federasiýasy hem-de Welosipedçileriň halkara bileleşigi bilen 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň welotrek sport toplumynda welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.

Türkmenistanda ekologiýa taýdan arassa ulag hökmünde welosiped hereketine hem-de welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. BMG Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan etdi.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli  habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer