SIZDEN GELENLER

“Welosiped işi” uniwersitetlerde öwrediler

Germaniýanyň ähli uniwersitetlerinde welosiped sürýänler üçin amatly kanunçylygy ösdürmek maksady bilen baglanyşykly kafedralar dörediler.

Şeýle kafedranyň işgärleri ylmy-barlaglary geçirerler, şeýle hem talyplara bilim bererler. Mundan başga-da, ýakyn wagtda ýöriteleşdirilen magistr maksatnamalaryny düzerler.

Ger­ma­ni­ýa­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň tek­li­bi bi­len Wup­per­tal we Kas­sel uni­wer­si­tet­le­ri, Karls­rue­dä­ki ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa we yk­dy­sa­dy­ýet mek­de­bi, Wil­dau teh­ni­ki mek­de­bi, şeý­le hem Frank­furt, Wol­fen­büt­tel we Wis­ba­den ýa­ly ama­ly ylym­lar ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri in­di we­lo­si­ped ula­gy­ny ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri bi­len meş­gul­la­nar. Bu ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri inf­rast­ruk­tu­ra­ny me­ýil­leş­dir­mek­den baş­lap, we­lo­si­ped sür­mek üçin amat­ly ka­nun­la­ry ös­dür­mä­ge çen­li äh­li ýag­daý­lar bi­len iş sa­ly­şar­lar.

Bu täze bilim ugry  – Germaniýanyň “Welosiped ýurdy- 2030” maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýar. Bu maksatnama laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli german raýatlarynyň 60 göteriminiň welosiped sürmegini gazanmak göz öňünde tutulýar. 2019-njy ýylda bu görkeziji 41 göterime deň bolupdy.

Munuň üçin döwlet derejesinde welosiped sürýänler üçin degişli infrastrukturalary döretmek meýilleşdirilýär. Awtoulag duralgalary täzeden üýtgeder we ýol howpsuzlygy ýokarlandyrylar.

Saparmyrat Ommadow, TOHU-nyñ talyby.

 

Türkmen alabaýy

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk