MEDENIÝET

Uzak aralyga atly ýöriş geçirildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat — Mary ýolunyň kesgitlenen bölegi boýunça uzak aralyga atly ýöriş geçirildi. 60 kilometr menzili geçmek ugrunda badalga berlen ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Döwlet serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň atlary gatnaşdylar. Uzak aralygy geçmegi maksat edinip, pellehana ilkinjileriň biri bolup ýetmek ugrunda bedewlere atlanan çapyksuwarlar ezberlik we ussatlyk bilen hereket etdiler. Aralygyň uzaklygy çapyksuwarlardan bedewe erk etmegiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagy talap edýär. Şoňa görä-de, olar atlanan bedewleri bilen bir jan-bir ten bolup sazlaşykly hereket edýärler.

Bilşimiz ýaly, halkymyz özüniň ahalteke bedewine bolan söýgüsini oňa “behişdi bedewler” diýmek bilen beýan edýär. Bu bedewler iki müň ýyl gowrak mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen çapyp, uly menzilleri öz içine alýan müňlerçe kilometrlik ýoly geçmek bilen, dünýäniň çar künjegine baryp ýetipdirler. Şunda olaryň ýyndamlygy bilen bir hatarda, çydamlygy hem ýüze çykypdyr.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uzak aralyga guralan atly ýörişde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan bedewler öňdeligi eýelediler. O.Annaýewiň çapyksuwarlyk eden Meşhur atly dor aty pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Ol bellenen aralygy 2 sagat 41 minut 58 sekuntda geçdi. Pellehana ikinji bolup gelen Garaduman atly gara bedew (çapyksuwary M.Meläýew) bellenen aralygy 2 sagat 42 minut 23 sekuntda geçdi. Ady agzalan toplumyň Gaýduw atly gara bedewi (çapyksuwary T.Babaýew) pellehanadan üçünji bolup geçmegiň hötdesinden geldi. Ol bellenen 60 kilometr aralygy 2 sagat 44 minut 46 sekuntda geçdi.

 

 

Türkmenistan-Hindistan: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyly

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy