SIZDEN GELENLER

Üstünligiň basgançagy

Orta mekdebi tamaplap, ýokary okuw mekdebine  girmek üçin bar oý pikirimi jemläp, ünslije okap, synaglara işjeň taýýarlanyp başladym. Türkmen halkynda “ Ata kesbi- ogla halal” diýen bir pähim bar. Men ony “Ata kesbi- gyza halal” diýip aýdasym gelýär. Sebäbi, men öz atamyň aýdan paýhasly sözlerinden, esasan hem oňat okasaň, yhlas bilen işleseň üstünligiň hemişe şoňa ýar boljakdygyna ynam döreden umytly sözlerinden ugur alyp, diňe öňe tarap ýykgyn etmekligi özümiň baş maksadym edinipdim. Atam ýaly ugurtapyjy hünärmen, ökde daýhan, köpçüligiň sylag hormatyna eýe bolan il halar ynsan bolmaklygy arzuw edýärdim. Bu zatlaryň barysynyň hem bir  “basgançak” görnüşlidigi, ilki bilen şol basgançagyň  aşagy gatlagyna aýak basmak üçin ýokary okuw jaýyna okuwa girip, “ talyp ” diýen hormatly ada eýe bolmakdygyna anyk göz ýetiripdim. 2010-njy ýyl men üçin üstünlikli ýyllaryň biri boldy we meni ajaýyp arzuwyma ýetirdi. Ýagny, men hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermekligi bilen açylyp ulanmaga berlen Türkmen oba hojalyk institutynyň “Ekerançylyk” hünäri boýunça  okuwa synanyşdym. Synaglardan üstünlikli geçip, Türkmen ona hojalyk institutynyň ilkinji talyp ýaşlarynyň hataryna goşuldym.

Tertip düzgün, nyzam, gelşiklije egin-eşik, iki örümlije saç… bularyň barysy meniň arzuwymdaky ýalydy, maňa  diýseň ýarady. Bu meniň ömrümiň hiç wagt ýatdan çykmajak bagtly pursatlarydy. Okuw diýseň gyzgalaňly hem-de gyzykly geçýär. Medeni hem-de sport çäreleri, bilim bäsleşikleri biz talyp ýaşlaryň okuwa bolan höwesimiziň has-da artmagyna uly itergi berýär. Aýratyn-da talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän bilim bäsleşiklerine  gatnaşmaklyk meniň arzuw basgançagymyň ikinji gatyndaky arzuwymdy.

“Yhlasa- myrat” diýlişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn pajarlap ösýän, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ylym-bilim ulgamynda öz ugry boýunça taýýarlamak maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilýän  Döwlet ders  bäsleşigine “Biologiýa” dersinden gatnaşmak, hem-de ýylyň-ýylyna baýrakly 1-nji orna mynasyp bolmak bagty maňa hem nesip etdi.

Mundan başga-da meniň hut özüm üçin guwançly ýagdaýlaryň biri bolsa, talyp döwrümde talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen “ ÝYLYŇ TALYBY” Döwlet bilim bäsleşigine işjeň gatnaşmaklyk  hem-de hormatly  Prezidentimiziň sowgady bilen sylaglanmak bagtydyr. Sözümiň şu ýerinde Ruhy atamyzyň şeýle setirleri ýadyma düşýär:

“ Oka sen, dünýäniň kitabyn oka,

Soň kitap deý okarsyň sen dünýäni.

Pirler okap, okap barandyr Haka,

Kitap şuglasyny saçýar Gün ýaly…”

Dogrudan hem, ösüşleriň bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde okamaklyga, öwrenmeklige ähli mümkinçilikler artygy bilen döredilendir.

Meniň bu gün buýsanjymyň çägi ýok, sebäbi men öz bilim alan mukaddes ylym-bilim ojagymda ýeňil bolmadyk mugallym kärinde zähmet çekýärin, geçen sanlyja ýyllaryň içinde özüm talyp patasynda oturan bolsam…Bu gün men mugallymlar otagynda oturmaklyga hem-de talyplaryň “Salam mugallym” diýip ýüzlenmesine mynasyp boldym. Hormatly Prezidentimize şeýle mümkinçilikleri döredip berenligi üçin ähli mugallymlaryň adyndan minnetdarlyk bildirýärin. Geljekde hem saýlap alan söýgüli hünärim boýunça ökde hünärmen bolup, ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläkde ösdürmekde öz mynasyp goşandymy goşjakdygyma ynandyrasym gelýär!

                                                   Ýaňyljan PALÝAZOWA,

                        Türkmen oba hojalyk

                            institutynyň mugallymy.

 

Sanly bilim we döwrebap özgertmeler

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika