DÜNÝÄ

USAID Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny berkitmäge ýardam edýär

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasynyň (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) bilen hyzmatdaşlykda Aşgabat Gazna biržasynyň ösüşine ýardam bermek hem-de ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen wirtual seminar geçirdi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu S. Klimow öz giriş sözinde şeýle diýdi: “Erkin işleýän gazna biržasy ýurduň gülläp ösmeginiň kepili bolup biler diýip ynanýaryn.  Şeýlelikde, men şu günki seminaryň açylyş dabarasyna ýardamyma örän şat.  Biziň bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyz Türkmenistanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine we daşary ýurt hem-de içerki maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilikleri döreder diýip umyt edýärin.”

2016-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan döredilen Aşgabat Gazna biržasy öz mümkinçiliklerini giňeltmegini, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegini we eksporty ösdürmegini özüne maksat edinýär.

Şu günki çäre sagdyn maliýe bazarlarynyň mümkinçiliklerini, aýratynlyklaryny hem-de deňeşdirme hukuk seljermesiniň netijelerini we tekliplerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, netijede bolsa milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň mukdaryny ýokarlandyrmak üçin ýurduň hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada gelejekde göz öňüne tutulýan seminarlaryň ilkinji tapgyry boldy.  Geçirilen çare USAID bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup durýar.

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we QED Group LLC tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar.  Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Hindistanyň Milli gazna biržasy bilen duşuşyk geçirildi

 

Ýene-de okaň

Germaniýanyň täze kanslerini kesgitlejek saýlaw

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Hytaýyň ýolbaşçylaryna iberen resmi çakylyklary gowşuryldy

Türkmenistanyň daşary ykdysady ugry boýunça täze resminamalar taýýarlanýar

Türkmenistanyň deputatlary ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar

Seulda ýylyň şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary