IŞ ORUNLARY & TENDERLER

USAID-iň YDA Taslamasy iş berijileri Türkmenabatdaky «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň iş orunlar ýarmarkasyna çagyrýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) «Tälim» okuw merkezi bilen bilelikde «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Türkmenabat tapgyrynyň iş orunlar ýarmarkasyny geçirýändigi we gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iş berijilerden ýüztutmalaryň kabul edilişigi barada yglan edýär. Çäre 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 6-da sagat 11.00-da Türkmenabat şäherindäki «Tälim» okuw merkezinde geçiriler.

Bu çärede iş berijiler üçin «TechYouth Bootcamp» maksatnamasyna gatnaşyjylary bilen söhbetdeşlik geçirmäge we olardan ýaş we zehinli işgärleri saýlamaga mümkinçilik dörediler.  Maksatnama gatnaşyjylar IT ulgamyndaky şu aşakdaky hünärleriň birisi boýunça alty aýlyk intensiw okuwy tamamlaýarlar:

  1. Grafiki dizaýny (Graphic design)
  2. IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak (IT system maintenance and administration)

USAID-iň YDA Taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we «bootcamp» formatynda «doly çümmek» görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we netijeli işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.

Maksatnama Aşgabatda 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli, Maryda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli üstünlikli amala aşyryldy. Maksatnamanyň Mary şäherindäki ikinji tapgyry hem 2024-nji ýylyň maý aýyndan noýabr aýyna çenli ýerine ýetirilýär. Türkmenabatda maksatnama şu ýylyň fewral aýynda başlandy we awgust aýynda tamamlanar.

USAID-iň YDA Taslamasy maksatnamany Türkmenabatda «Tälim» okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýar.

Iş beriji hökmünde iş orunlar ýarmarkasyna gatnaşmak üçin aşakadaky baglanyşykdaky hasaba alyş formasyny 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ne sagat 18:00-a çenli doldurmaly: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSeUxBQabHMnNlg_flEjQxunHGjpyuVyAkLaz8tCS0m93PTT1A/viewform

Soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda elektron poçtanyň şu salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: HAtabayev@q2impact.com

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşoguz Halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň täze binasy gurlar

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumy: 20 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

Ata Watan Eserleri

“Petronas”: täze iş ornuny hödürleýär