Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilelikde ýurdumyzda giňden belleniljek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär!
Bäsleşigiň maksady:
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň parahat durmuş, ýaş nesilleriň nurana geljegi üçin durmuşa geçirýän beýik işleri uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ösüşlere eýe bolnup, beýik sepgitlere ýetilýär.
2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda edebi döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny höweslendirmek hem-de halk köpçüligine ýakyndan ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilelikde «Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň düzgünleri:
Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň 30 ýaşa çenli ýaşlary, şol sanda mekdep okuwçylary-da gatnaşyp bilerler. Bäsleşik iki ugur boýunça, ýagny goşgy düzmek we habar ýazmak boýunça geçirilýär. Bäsleşigiň goşgy düzmek görnüşi boýunça ýaş şahyrlar watançylyk ruhundaky, türkmen tebigatyny, bagtyýar durmuşy, erkin söýgini wasp edýän, täze (ozal metbugatda çap edilmedik) goşgularyny ugradyp bilerler.
Habar ýazmak görnüşi boýunça ýaş habarçylar ýurdumyzyň halk hojalygynyňdürli ugurlaryndaky önümçilikler, aýratyn-da, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli täzelikler — täze önümleriň öndürilişi hakyndaky habarlary (diňe habarlar) suratlary bilen hödürlemeli. Habarlarda beýan edilýän maglumatlar we sanlar anyk bolup, suratlar hökmany ýagdaýda taýýarlanylan habara degişli bolmaly. Eger-de täze önüm hakyndaky habar bolsa, maglumaty önüm öndürijiniň özi bilen habarlaşyp taýýarlanylmaly. Söwda ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, telekeçilerimiz öz alyp barýan işleri hakynda, söwda pudagynda gazanylan üstünlikler barada habarlaryny hödürläp bilerler.
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Goşgularyň gowylary we habarlaryň möhümleri «Biznes reklama» gazetinde çap ediler. Şeýle-de gazetiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web-saýtlarynda okyjylara ýetiriler.
Eminler topary bäsleşigi guraýjylar tarapyndan kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler topary tarapyndan saýlanyp, 2022-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda jemleniler.
Döredijilik bäsleşigine goşgular we habarlar bäsleşigiň Düzgünnamasy çap edilen gününden kabul edilip başlanar. Döredijilik bäsleşigine hödürlenilen işler iýun aýynyň 25-ine çenli kabul ediler.
Awtorlar döredijilik bäsleşigine ugradýan işlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar.
«Ýeňiji» diýlip yglan edilen ýaşlar — baş baýraga mynasyp bolan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň 32 dýuým ölçegli «Tolkun» akylly telewizory, birinji, ikinji, üçünji orna mynasyp bolanlar gymmatbahaly hojalyk tehnikalary we bäsleşige işjeň gatnaşanlar ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglanylar.
Habarlaşmak üçin:
«Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy: 23-77-95.
Elektron poçtalar:
biznes.reklama.newspaper@gmail.com