SIZDEN GELENLER

“Umytly dalaşgär”

Sabyrsyzlyk bilen gyzynyň habaryna garaşyp oturan Dünýä gelnejäniň el telefonyna jaň geldi we ol jaň edýäniň kimdigine-de seretmän dessine aldy. Jaň edýän kişi bolsa begençden ýaňa ýaňaklary gözlerinden damýan ýaşlara siňip, sesleri titräp duran Aýjahandy:“Eje, eje bu gün dilegleriň miwesini berdi, gyzyň talyp boldy”.  Bu sözleri eşiden eje ulydan dem alyp gözleri bolsa bagtdan ýaňa püre-pür boldy.  Aýjahanyň iň uly arzuwy ýagny, talyp bolmak arzuwy hasyl bolupdy. Gyz çagalykdan bäri ýüreginde besläp ýören arzuwyna ýetendigine begenip, öýlerine guş kimin uçup gaýtdy. Ýokary okuw mekdebine giriş synaglary hem tamamlandy. Aýjahan synag geçirilýän döwründe özi bilen ýaşy deň bir gyz bilen tanyş bolupdy. Ol gyzyň ady Şemşat. Ol hem Aýjahan ýaly geçen ýyl ýokary okuw mekdebine giriş synagyndan geçip bilmän yzyna gaýdypdy. Şemşat häsiýeti boýunça göwünaçyk, mylakatly gyzdy. Indi olaryň ikisi hem bir hünär boýunça synpdaş boldular. Aýjahan bilen Şemşadyň sözleri alşyp, wagt geçdigiçe ýakyn jora bolup başladylar. Olar nirä gitseler birmeňzeş köýnek geýip giderdiler, hat-da biri-biriniňkä ýatymlyk myhmançylyga-da giderdiler. Garaz olaryň gatnaşygy dogandan kem däldi. Şeýlelik-de, Aýjahanyň maşgalasy gyzlary bilen gyzgyn hoşlaşyp ony okuw saparyna ýolagçy etdiler. Aýjahan bilen Şemşat okuwa otluda gitdiler. Gyzlar otluda goşlaryny ýerleşdirip, gümür-ýamyr etmek niýeti bilen çaýa oturdylar. Çaýa oturanlary ýaňy welin, birden goňşy küpeden uzyn boýly, bugdaý reňkli bir gelneje otlunyň haçan paýtagta baryp durýandygyny soramak üçin gyzlaryň ýanyna geldi:

– Salam gyzlar, otly haçan paýtagta baryp durýarka. Bilýäňizmi? Ýogyn sesi bilen gyzlara ýüzlenip duran gelnejä gözi düşen Aýjahan tassa ýerinden turdy. Sorag berip duran gelneje Aýjahanyň synpdaşy Permanyň ejesi Jeren gelneje bolup çykdy.

– Salam Jeren gelneje, gowumy ýagdaýlaryňyz? Meni tanadyňyzmy?!

Jeren gelneje oglunyň synpdaşlaryny öň bir ýa-da iki gezek gören bolsa-da, elliň gapysyndan ätlän ýatkeşligi ýaşyna görä däldi:

–  Wii Aýjahan gyzym bu senmidiň?! Heý, Permanjanyň synpdaşlarynam bir tanaman bormy?! Jeren gelnejäniň näme maksat bilen paýtagta barýandygy gyzy juda gyzyklandyrdy:

– Gelneje paýtagta ýeke barýaňyzmy?

– Hawa Permanjany görmäge barýan. Alla şükür hä diýmän bir ýyla geçdi.  Bu gürrüňden Aýjahan özüçe synpdaşy Perman harby gullugyna gidendir, diýip pikir öwürdi:

-Hä şeýlemi, sag aman gelsin. Soňra gyzlar Jeren gelneje bilen bile çaýa oturdylar. Jeren gelneje Aýjahan bilen Şemşadyň synaglardan şowly geçip, talyp bolandyklaryna diýseň begendi. Gürrüňleriniň arasynda Aýjahan synpdaşlary bolan Perman we Merjeniň geljek durmuş toýy bilen Jeren gelnejäni hem gutlamak isledi, emma mekdep döwründe synpdaşyna diýen gödek sözleri ýadyna düşdimi, ýa-da başga bir sebäp barmy, ýöne utanjyna ýüzi gyzaryp başardygyndan bu toýly gürrüňden daşlaşmaga çalyşdy. Emma  Jeren gelnejäniň özi hem oglunyň toýy barada dil açmady. Daň atan çagy otly paýtagta gelip durdy. Jeren gelneje gyzlara okuwlarynda üstünlik arzuw edip olar bilen hoşlaşyp, öz ýoluna rowana boldy. Aýjahan içinde aýdylmadyk söz galan ýaly biynjalyk bolup galdy. Soň gyzlar uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýyna gelip ýerleşdiler. Ilkinji okuw güni başlady. Synpdaşlarynyň arasyndaky tanyşlyk gyzykly dowam edýärdi. Dürli welaýatlardan gelen talyplar bilen tanyşmak, diňe mekdep bilen öýüniň gapysyny tanaýan Aýjahan üçin üýtgeşiklik bolup göründi. Aýjahanyň gözelligi, özüni alyp barşy, agraslygy onuň bile okap ýören diňe oglan synpdaşlaryny haýrana goýmaýardy, oňa bakan gyzlaram Aýjahanyň hoş suratyny synlap ganmaýardylar. Elbetde oňa söz aýdýanlaram az däldi, ýöne gyz olaryň hiçisine göwün bermek ýaly niýeti ýokdy. Onuň synpdaşy Merjen hem şol hünär boýunça okaýardy, ýöne ol Aýjahandan bir synp uludy. Bir gün okuwdan soň Gün ýaşyp, eňegi ýere degip barýan çagy Aýjahan öz otagynda dynç alyp oturdy. Şol pursat eli hatly bukja bilen haýdap Şemşat onuň ýanyna geldi:

-A gyz Aýjahan saňa birä harby gullukdan hat ugradypdyr, özem Garaşow Permandan diýýär, tanaýaňmy kim ol Perman? Aýjahanyň okara kimin gözleri şol pursat hasam tegelenip gitdi. Ol aklynda özüçe ilki synpdaşy Perman ony Merjen bilen boljak toýlaryna çakylyk ugratdymyka diýip oýlandy, kalby bolsa dünýädäki bütin tolgunmalary özünde jemläp alan ýalydy. Aýjahan ilki bilesigeliji jorasy Şemşadyň gepini başga tarapa sowup, zordan ýanyndan ugratdy, soňra bolsa esli wagtlap haty açman onuň ýüzüne misli okara gözleri bilen seredip oturdy. Salkyn şemalyň howasyndan dem alyp  pikirlere siňip oturşyna, Aýjahan nädip haty açanyny özi hem duýman galdy. Hat Permanyň mekdep döwründäki şol nagyş çekilen kimin el ýazgysy bilen ýazylandy. “ Salam Aýjahan, gowumy ýagdaýlaryň? Okap ýörsüňmi sag aman?! Aýjahan men seniň göwnüňe degmek islämok, ýöne men seni henizem gowy görýändigimi we bu hakykadyň hiç wagt üýtgemejegini aýdaýyn. Perman” Aýjahanyň hatyň soňuny okap, üstünden  gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Onuň aklyna her dürli pikirler gelip ugrady.  “ Perman meniň bilen degişesi gelýärmika, ýöne bu gürrüň oýunlygyň gürrüňem-ä däl. Merjen maňa indiki tomus toýumyz diýipdä, ýa-da  meni gabandyrmak niýeti bilen tapan gürrüňimikä?! Aý ýok ençe ýyllap jora bolan adam beýle ýalanlara baş goşup pese düşüp bilmez” diýip, özüni Merjene garşy ynandyrmaga çalyşdy. Soň bolsa elindäki haty gahar bilen ýyrtyşdyryp, zyňyp goýberdi.  Aýjahan Permanyň ugradan hatyny ýadyndan çykarmak isledi, emma başarmady. Sebäbi Aýjahan Permanyň özüne näçe sowuk-sala garasa-da, synpdaşynda az-kem bolsa-da göwni bardy. Ýöne bir gorky gyzyň bu hakykaty boýun almagyndan saklady. Ol käteler Merjeni gapdaly adamsyz ýeke duranyny görende, ýanyna baryp özüne biynjalyk berip duran kellesindäki soraglarynyň jogabyny almak isledi. Emma ýene-de gyz mertebesi muňa el bermedi. Soňra ol bu zatlary wagtyň öz akymyna goýbermeli diýlen netijä geldi.  Talyplygyň birinji kursy gyzykly dowam etýärdi. Synpdaşlar okuwdan soň üýşüp her dürli täsin ýerlere sergi görmäge gidýärdiler, ýa-da salkyn howanyň owazyna diň salmak üçin gezelenje çykardylar. Dynç güni gelende Aýjahan bilen Şemşat söwda etmek üçin söwda bazaryna gitdiler. Olar bazarda özlerine gerek zatlaryny alyşdyryp, awtobusa münüp yzyna gaýtdylar. Gyzlar awtobusda otyrka, tötänlikde  yz gapdalda oturan orta ýaşly oglanyň telefondaky gürrüňine şaýat boldular. Ol oglanyň belent sesi bilen gürleýşi töwerege eşidilmezçe-de däl-di. Onuň gürrüňine daşyndan garap netije çykarsaň jaňlaşyp duran onuň halaşýan gyzymyka diýip oýlansa bolýardy. Sebäbi ol her gürrüňinde ýalan sözläp özüniň ulagda oturandygyny, duşuşyga wagtynda ýetişjekdigini gaýtalap durdy. Gyzlar ýol boýy bu oglanyň gürrüňini diňläp gelmeli boldular. Oglanyň sesinden halys iren Şemşat özüçe pyşyrdap iňirdemäge başlady: “Bu edepsiz oglany diýsene, gürleşýän gyz görgüli şuňa-da ynanyp ýörendir, awtobusda gürleşmekden başga ýer tapmadyk ýaly”. Ahyr awtobus hem gyzlaryň gelmeli ýerine gelip durdy. Olar awtobusdan düşüp umumy ýaşaýyş jaýyna bardylar. Şol günüň ertesi Şemşadyň doglan güni bolmalydy. Aýjahan bolsa söwda bazarynda Şemşady gapdalyndan bir pursadam ugradyp bilmändigi sebäpli, oňa heniz sowgat almandy. Şonuň üçin ol Şemşada doganlaryna baryp gaýtjakdygyny bahanalap,  ýene yzyna başga söwda bazaryna gitdi. Ilki ol näme sowgat almagy hakda oýlandy. Soňra bolsa Şemşadyň ýumşak oýnawaçlary halaýandygy ýadyna düşüp, sowgatlar dükanyna girdi. Ol dükandan Şemşadyň öz  boýy deýin, akja aýy satyn alyp gaýtdy. Dükandan çykanyňda bir çetde oglan bilen gyz durdy. Şu wagta deňeç töwerege garanjaklap ýöremeýän Aýjahan özüne tanyş bolan sesleri gulagyna ildimi, çetde duran oglan bilen gyza gözi düşdi. Aýjahanyň şol pursat üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy, sebäbi çetde ikiçäk gürleşip duran gyz onuň synpdaşy Merjen, ýanyndaky bolsa hälki awtobusda köp gürläp gelen ýigitdi. Gahar, tolgunma we şatlyk ýaly duýgular gyzy gurşap alypdy. Bir tarapdan ol 11 ýyl bile jora bolan Merjeniň özüni ýalanlara gandyrandygyna gynandy, beýleki tarapdan bolsa Permanyň özüne bolan duýgularynyň päkdigine göz ýetirdi. Aýjahan ol ýerden sessiz-sedasyz yzyna dolandy.                                                                                                                           Ol indi oturyp, Permana näme diýmelisi barada  oýlandy. “Men Permanyň näçe gezek göwnüne degdim ahyry, indi men oňa näme diýip ýazsamkam, özümiň oňa garaşjakdygymy aýdaýynmy ýa-da meňem oňa garşy duýgularym bar, ýöne dile getirmäge bir gorky meni saklady diýeýinmi?!” Ahyr bir karara gelen gyz eline ak kagyz bilen galamyny alyp kalbyndan geçenlerini ýazyp başlady.

Ýatsa-tursa Aýjahany aklynda aýlap ýören Permanyň günlerde bir güni yzyndan hat geldi. Ýaş ýigit yzyndan hat gelendigini, hat-da ol hat hyýalynda söwer ýary Aýjahandan gelendigini öwrenip  hasam begendi. Ugradylan hatda Permany ýylgyrmaga mejbur eden Aýjahanyň el ýazgysy bilen ýazylan iki bent goşgusy bardy:

Güýzüň şemalyndan dörän ýapraklar,

Aňzak gyşyň buzy bolup göründi.

Emma yşkdan heýjan alan topraklar,

Söýgi atly ajap baga bürendi.

 

Diýdiler şahyrlyk söýgüniň soňy,

Asla ynanmadym saňa duşýançam

Kalbymda döredi söýgüniň heňi,

Umyt baglap garaşaryn gelýänçäň.

(2-nji bölüm)

Amansoltan Sytdyhowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniñ talyby.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty