SIZDEN GELENLER

Uly binalar

20 – 30 ýyl mundan ozal, polat we betondan gurlan has uly desgalary göz öňüne getirmek hem mümkin däldi. Emma häzirki döwürde inženerleriň, arhitektorlaryň we döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen kilometrlere uzaýan gözel desgalary gurmak mümkin boldy.

IŇ ULY BINA

Iň uly bina ABŞ-nyň Florida şäherindäki NASA-nyň transport önümlerini öndürýän kärhanasydyr. Bu binanyň otag sany dünýädäki islendik binanyň otag sanyndan köpdür, äpet gapysynyň beýikligi 139 metr. Bu gapy esasan raketalary daşyna çykarmak ýa-da içine salmak üçin ulanylýar.

IŇ UZYN ASMA KÖPRÜSI

Dünýäniň iň uzyn asma köprüsi Ýaponiýadaky Akaşi Kaýkýo köprüsidir. Onuň uzynlygy 1.99 kilometr (1.24 mil) bolup, ol Ýaponiýanyň esasy adasy bolan Honşu we iň kiçi adasy Şikokunuň arasyndaky köprüdir. Bu köpri has galyň we berk kabellerden gurlup, güýçli ýer titremelerine hem çydamlydyr.

IŇ GIŇ KÖÇE

Dünýäniň iň giň köçesi Argentinanyň Buenos Aýres şäherinde ýerleşýär. Bu köçäniň ady “Awenida 9 de Hulio”. Onuň giňligi 130 metr bolup, onda 18 sany awtoulag ýoly we 3 sany baglyk zolagy ýerleşýär. Bu ýoly kesip geçmek üçin adaty adama 10 minut wagt gerek bolýar. Dünýäniň iň çalt adamy Usain Bolta ähli päsgelçilikler aýrylan ýagdaýda, bu köçäni takmynan 12.35 sekunt wagtda geçer. Bu köçäniň ady Argentinanyň garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp goýlan. Bu baýramçylyk her  ýylyň 9-njy iýulynda bellenilýär.

IŇ ULY STADION

ABŞ-nyň Indiana ştatynyň Indianapolis Motor Speedway stadionynda şol bir wagtda 250 müň sany adam oturyp bilýär. Eger bu adamlaryň hemmesini bir setire düzseler, setiriň uzynlygy 80 kilometre (50 mil) golaý bolar.

 

Taýýarlan Babageldi Kurbanow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika