PEÝDALY MASLAHAT

Ulag serişdeleriniň komission söwdasy barada üýtgetmeler

Türkmenistanyň çäginde ulag serişdeleriniň komission söwdasynyň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň 2014-nji ýylyň 8-nji maýynda çykaran 49-Ö belgili buýrugynda käbir üýtgetmeler kabul edildi. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde çykaran 41-Ö belgili buýrugy bilen  «Türkmenistanyň çäginde ulag serişdeleriniň komission söwdasynyň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň 2014-nji ýylyň 8-nji maýynda çykaran 49-Ö belgili buýrugyna üýtgetmeler girizmek hakynda Buýruk kabul edildi. Bu Buýruk 2013-nji ýylyň 2-nji martynda kabul edilen, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 1699-njy karary bilen tassyklanan “Türkmenawtoulaglary” agentligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 14-nji maýynda 1467 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan Buýrugy Size ýetirýäris.

 

«Türkmenistanyň çäginde ulag serişdeleriniň komission söwdasynyň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň 2014-nji ýylyň 8-nji maýynda çykaran 49-Ö belgili buýrugyna üýtgetmeler girizmek hakynda

 

  1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2014-nji ýylyň 23-nji maýynda 764 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň çäginde ulag serişdeleriniň komission söwdasynyň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň 2014-nji ýylyň 8-nji maýynda çykaran 49-Ö belgili buýrugynda:

1) adynda, giriş we birinji böleginde “ulag serişdeleriniň”, “awtomobil ulaglaryny” diýen sözleri degişlilikde “awtomobil ulag serişdeleriniň”, “awtomobil ulag serişdelerini” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

2) giriş böleginde “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky” 2007-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda çykaran 8998-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hakyndaky” Düzgünnama laýyklykda” diýen sözleri “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 1699-njy kararyna laýyklykda” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

3) şol buýruk bilen tassyklanan, Türkmenistanyň çäginde ulag serişdeleriniň komission söwdasynyň Tertibinde:

  1. a) adynda we mazmunynda ulag serişdelerine salgylanmany awtomobil ulag serişdelerine salgylanma bilen çalşyrmaly;
  2. b) birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“1. Şu Türkmenistanyň çäginde ulag serişdeleriniň komission söwdasynyň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) 2013-nji ýylyň 2-nji martynda kabul edilen, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 1699-njy karary bilen tassyklanan, “Türkmenawtoulaglary” agentligi hakynda Düzgünnama laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Tertip “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň (mundan beýläk – Önümçilik birleşigi) ýöriteleşdirilen komission dükanlarynda amala aşyrylýan awtomobil ulag serişdeleriniň we olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň, şol sanda uzelleriň, belgili agregatlaryň komission söwdasynyň kadalaryny düzgünleşdirýär.”;

ç) ikinji böleginde:

ikinji-bäşinji tesimlerini şu görnüşde beýan etmeli:

“awtomobil ulag serişdesi – hereketlendiriji bilen herekete getirilýän we ýolagçylary, ýükleri ýa-da ýörite enjamy daşamak, şeýle hem işiň başga görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenen ulag serişdesi (awtomobil ulag serişdeleriniň biri ýa-da birnäçe birliklerden durýan düzümi);

komission söwda – üçünji şahslara satyn almagyň-satmagyň şertnamasy esasynda komissiýa üçin tabşyrlan harytlary höweslendirme üçin satmak maksady bilen, bir tarapdan (komissioner) tarapyndan oňa komissiýanyň şertnamasyna laýyklykda beýleki tarap (komitent) tarapyndan berlen harytlaryň satylmagy boýunça bölek söwdanyň görnüşi;

komissiýa şertnamasy – şertnama bolup, şertnama boýunça komissioner öz adyndan we komitentiň tabşyrygy boýunça oňa degişli harydy satmaga borçlanýar, komitent bolsa, tabşyrygyň ýerine ýetirilmegi boýunça komissionere komission höweslendirmesini tölemäge borçlanýar;

komissioner – harytlaryň ýa-da gymmatly kagyzlaryň öz adyndan satyn alynmagyny ýa-da satylmagyny pişe hökmünde başga şahslaryň (komitentiň) hasabyna özüne kabul edýän şahs;”;

  1. d) dokuzynjy böleginde “Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi” diýen sözleri “Türkmenawtoulaglary” agentligi” diýen sözler bilen çalşyrmaly;
  2. e) onunjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“10. Bahasy tölenilmän elden alnan (kazyýetleriň çykaran hökümleriniň we çözgütleriniň hem-de beýleki kararlarynyň esasynda we kanunçylykda bellenen tertipde ygtyýar berlen beýleki döwlet edaralarynyň kararlary boýunça bahasy tölenmän elden alnan, şeýle hem Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, emläk eýesiniň kanuny bozandygy we onuň kanunda gadagan edilen usul bilen edinendigi üçin jerime hökmünde ygtyýarly edaralar tarapyndan döwletiň haýryna muzdsuz alnan emläk bahasy tölenilmän elden alnan emläk diýlip hasap edilýär), eýesiz galan hökmünde we miras almak hukugy boýunça, miras almalylar ýok hökmünde döwlete geçen awtomobil ulag serişdelerini ýerlemek komission dükanlar tarapyndan amala aşyrylýar.

Ýokarda görkezilen awtomobil ulag serişdelerine nyrh kesmek we ýerlemek hem-de bu awtomobil ulag serişdelerini kabul etmek, daşamak, saklamak we ýerlemek bilen baglanşykly önümçilik birleşigiň çykdajylarynyň üstüni ýapmak üçin alynýan komission hakyň möçberini kesgitlemek, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2012-nji ýylyň 23-nji iýulynda 658 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2012-nji ýylyň 11-nji iýunynda çykaran 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Bahasy tölenilmän elden alnan, eýesiz galan hökmünde we miras almak hukugy boýunça döwlete geçen emlägi, şeýle hem miras almalylar ýok hökmünde gazna geçen emlägi we genji-hazynalary hasaba almagyň, olara nyrh kesmegiň, olary saklamagyň we ýerlemegiň tertibi hakynda Gollanma laýyklykda geçirilýär.

Karz edaralarynyň girewinde duran awtomobil ulag serişdelerini ýerlemek karz edaralarynyň karary boýunça geçirilýär.

Görkezilen awtomobil ulag serişdeleri arzanlatmak Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.”;

ä) on üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“13. Awtomobil ulag serişdelerini satmak üçin komitentden dükanyň peýdasyna komission hak alynýar. Komission hakyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda önümçilik birleşigiň başlygynyň buýrugy bilen tassyklanýar (şu Tertibiň onunjy böleginde agzalýan awtomobil ulag serişdeleri satylanda komission hakyň möçberi şu Tertibiň onunjy bölegiň ikinji tesiminde agzalýan Gollanma laýyklykda kesgitlenilmäge degişlidir).”;

  1. f) ýazgysynda we goşundysynda “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine salgylanmany Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Tehniki, önümçilik we oba hojalyk tehnikalaryna döwlet tehniki gözegçiligi müdirligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
  2. g) 3-nji goşundysynda “Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň” diýen sözleri “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň” diýen sözler bilen çalşyrmaly.
  3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygynyň degişli orunbasarlary gözegçilik etmeli.

 

Başlyk  G.Akmämmedow

Çagalar Iňlis dilini Makul Sözlemler bilen aňsat öwrenýär!

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik