DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Tertip boýunça dabaranyň ilkinji bölegi hormat garawulyň öňünde döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçirildi.

Dabara BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýyan, şeýle hem Premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan gatnaşdylar.

Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna BAE-niň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi BAE-niň Prezidentine Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky resmi çakylygy hem ýetirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi üçin BAE-niň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana hoşallyk bildirip, netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin mümkin bolan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy