SPORT

UFC rekord derejede girdeji gazandy

UFC başa-baş göreş guramasyna eýelik edýän «Endeavor» maýadarlar toparynyň ýarym ýylda gazanan girdejisiniň mukdary mälim edildi.

Geçirilen hasaplamalar guramanyň ýylyň geçen alty aýynda taryhdaky iň köp girdejä eýe bolandygyny görkezdi. Has takygy, gurama ýylyň birinji ýarymynda 1,1 milliard dollar arassa girdeji gazandy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 650 million dollar kändir.

«Pandemiýa şertlerine garamazdan, alyp barýan akylly-başly syýasatymyz girdejimiziň artmagyna ýardam etdi. Ýylyň ikinji çärýeginde UFC ýaryşlarynyň üçüsini sanly görnüşde geçirdik. Şolarda satylan peteklerden bolsa rekord derejede peýda gördük. Şeýlelikde, biz taryhymyzdaky rekord girdejiniň eýesi bolduk» diýlip, guramanyň beýanatynda aýdylýar.

Agaçdan elektrikli ulaglar üçin batareýa öndüriler

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi