SPORT

UEFA Ýewropa ligasy finaly: “Mançester Ýunaýted” – “Wilýarreal”

UEFA-nyň Çempionlar ligasyndan soňra UEFA-nyň ikinji derejeli iň uly kubogy bolan Ýewropa ligasynyň finalynda hem iki iňlis topary duşuşyp bilerdi. Ýöne bu amala aşmady. Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary ýarym finalyň ilkinji duşuşygynda Italiýanyň “Roma” toparyny 6:2 hasabynda utup, finala çykmagy babatda uly ädim ädipdi. Jogap duşuşygynda “Roma” toparyndan 3:2 hasabynda utulandygyna garamazdan, “Mançester Ýunaýted” topary finala çykdy.

Ine, Angliýanyň beýleki bir topary “Arsenal” bolsa muny başarmady. Öz meýdançasynda Ispaniýanyň “Wilýarreal” topary bilen 0:0 deňme-deň oýnap, birinji duşuşykda 2:1 hasabynda utulandygy üçin finala çykyp bilmedi.

Şeýlelikde, 26-njy maýda Polşanyň Gdansk şäherinde oýnaljak UEFA-nyň Ýewropa Ligasynyň finalynda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary bilen Ispaniýanyň “Wilýarreal” topary duşuşar.

Ispaniýanyň “Wilýarreal” toparynyň tälimçisi Unaý Emeri topary bilen Ýewropa Ligasynyň finalynda 5-nji gezek çykmagy başardy. Ol öz final çykan toparlary bilen 3 gezek bu kubogy gazandy.

Ispaniýanyň “Wilýarreal” topary ilkinji gezek Ýewropa Ligasynyň kubok ýaryşyň finalyna çykmagy başardy.

 

Hytaý Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşy

 

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri