SIZDEN GELENLER

Tüwi kepegi ýagynyň artykmaçlyklary

Häzirki wagtda adamlar köp keseller üçin internetde alternatiw bejeriş usullaryny gözleýärler. Tüwi ýagy soňky döwürde köp adamyň ünsüni özüne çekmegi başardy. Şu günki makalamyzda tüwi ýagynyň peýdaly ähmiýeti barasynda durup geçeris.

Adamlar hemişe tebigy görünmegi isleýärler. Sebäbi bedendäki himiki maddalaryň zyýanly täsirleri uly bolup bilýär. Derman bejergisini talap edýän töwekgelçilikli kesellerde-de adamlar alternatiw dermanlara ýüz tutýarlar. Tebigatyň sowgady bolan ösümliklerden başgada birnäçe ýaglary alyp peýdalanyp bolýar. Tüwi kepegi ýagy Uzak Gündogar ýurtlarynda uzak wagtlardan bäri ulanylyp gelinýär. Tüwiniň kepek ýagy tüwüniň daşky gaty gatlagyndan alynýar.

Tüwi kepek ýagynyň artykmaçlyklary näme?

  • Mono we poli doýgun ýag kislotalaryny öz içine alýan tüwi kepek ýagy, holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýär.
  • Ýürek-damar saglygyny goramakda işjeň rol oýnaýar.
  • Bedeniň semiremegine garşy häsiýetleri bar.
  • Gan aýlanyşyny çaltlaşdyrmaga we ýokary gan basyşyny peseltmäge kömek edýär.
  • Tüwi kepek ýagy iýmitiň aşa ýagly bolmagynyň öňüni alýar. Şeýlelik bilen, semremekde sizi goldaýar.
  • Onuň allergen häsiýeti gaty pes.
  • Gandaky karbamidiň mukdaryny azaltmaga kömek edýär.
  • Antioksidant komponentleriniň ýokary derejesi sebäpli immunitet ulgamyny berkitmäge kömek edýär.
  • Omega 9-a gaty baý.
  • Saçyň saglygyna kömek edýär.

 Tüwi kepegi ýagynda:

  • Bagyr keselleri üçin peýdaly B3 witamini,
  • Saçlara güýç we şöhle berýän Omega 3 we 6,
  • Günüň zyýanly şöhlelerinden goraýan Oryzanol,
  • Öýjügiň täzelenmegine kömek edýän skalen,
  • Kalsiý,
  • Magniý,
  • Fosfor,
  • Sink,
  • E witaminleri bardyr.

 Tüwi kepegi ýagyny nähili ulanmaly?

Deriňize sürtüp ulanyp bilersiňiz.

Kapsula görnüşinde satylýan iýmit goşundylaryndan peýdalanyp bilersiňiz. Aşgazan meselesini azaltmak üçin ulanyp bilersiňiz.

Gündelik durmuşymyzda tüwi uly rol oýnaýar. Onda glýutin ýoklugy sebäpli, tüwi allergiki täsirleri döretmeýär. Içindäki uglewodlar bilen energiýa berýän bu önüm, ýürek saglygyna hem doly goldaw berýär.

Tüwini yzygiderli iýmek holesterini deňleşdirýär we horlanmaga kömek edýär. Şeýle hem Alsgeýmer ýaly kesellerden goraýar. Witaminlere baý tüwi, deriniň saglygyny goldaýar we içegäniň saglygyna kömek edýär. Häzirki wagtda alternatiw lukmançylyk bejergisinde ulanylýar.

 Jeren Orazdurdyýewa,

TOHU-nyň mugallymy.

 

12-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat