Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy we türk dünýäsiniň edebiýaty” atly halkara ylmy maslahat gurnady.
Oňa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işamgulyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedow we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Şeýle hem halkara ylmy maslahata Gazagystanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerkebulan Sapiýew, Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Kazakbaýew we Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji hem çagyryldy.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň türk dünýäsi üçin örän möhüm şahsyýetdigini belläp, “Biz diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş türk dünýäsiniň buýsanjy bolan Magtymguly Pyraga uly hormat goýýarys. Onuň bize miras hökmünde galdyran özboluşly goşgulary we pelsepesi häzirki wagtda doganlyk halklarymyza ýol görkeziji bolup dur” diýip çykyşynda aýdyp geçdi.

Maslahatda Ankara uniwersitetiniň professory Melek Erdem we dosenti Berdi Saryýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmeni Gyzylgül Tagandurdyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmeni Baýrambike Toýlyýewa we Türkiýe Respublikasynyň köp sanly ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary çykyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew tarapyndan oňa gatnaşyjylar hormat hatlaryny gowşurdy.
