BIZNES

“Türkmentel-2023”: birnäçe resminamalara gol çekildi

Paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Maslahatyň işiniň birinji gününiň ahyrynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Gol çekilen resminamalar şeýle:

  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça Döwlet gullugynyň arasynda maglumat howpsuzlygy ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «ELINC China Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Fransiýanyň «Thales Alenia Space France SAS» hem-de «Eutelsat» kompaniýasynyň arasynda gizlinlik we aýan etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar