MEDENIÝET

Türkmenlerde Çaga Bezegleri

Zergärçilik  sungatynyň sahypalary

Milli Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap aýratyn-da, toý-baýramlaryň  bezegine, ene-mamalarymyzyň  buýsanjyna  öwrülen  tyllaýy  nagyşlara  beslenen  şaý-sepler   ylmy  nukdaýnazardan  öwrenilmek  bilen, diňe  türkmenistanly  däl, eýsem-de, daşary  ýurtly  hünärmenleriň  hem  ünsini  çekip  gelýär.

Türkmen  halkynyň  medeniýetiniň  taryhynda  aýratyn  orny  eýeleýän  amaly-bezeg  sungatynyň  aýrylmaz  bölegi-zergärçilik  sungatynyň  ösüş  ýoly XIX-XX  asyrlarda alymlary  öz  erkine  goýanok. Bu ajaýyp  sungatyň  wajyplygy  biziň  wagtymyzda  hem  öz  ähmiýetini  ýitirenok.

Munuň  sebäplerini  şeýle  düşündirmek  bolar: ilkinjiden, şaý-sepler  özüniň  döreýşiniň  dowamynda  müňýyllyklaryň  ýoluny  geçip  kämmileşip, ony  döreden  halkyň  gündelik  durmuşynyň  aýrylmaz  bir  bölegi  bolup  durýar; ikinjiden,  şaý-seplerde  pederlerimiziň  ylahy  zehini  hem-de  buýsançly  geçmişi  ýatyr; üçünjiden,şaý-sepler halkymyzyň gadymdan gelýän edep-ekramy, edim-gylymlary, toý-baýramlary  we  däp-dessurlary  bilen  baglanşykly  bolmagyna  galýar.

XVIII-XIX asyrlarda ýewropa we rus alymlary, syýahatçylary, geograflary  Orta  Aziýanyň  giňişliklerine  gizlinligi  perde  edinip  dürli  maksatlar  bilen  syýahat  edipdirler. Elbet-de, olaryň  arasynda  ylmyň  hatyrasyna  öz  janlaryna  töwekgelçilik edenleri (mysal üçin, Armeniý Wamberi-L.B.) hem bolupdyr. Bu  syýahatlaryň  netijesinde  «hasabatlar», «ýol  ýazgylary»  we  «käbir  bellikler» döräpdir.  Olarda  «sähraýy» (çarwa)  hem-de  «oturymly» (çomry) pederlerimiziň  milli  mirasy, sungaty, däp-dessurlary  hakyndaky  gymmatly  maglumatlar  beýan  edilipdir. Bular  halkymyzyň  gadymy  we  müdümi  geçmişini  öwrenmekde  ilkinji  çeşme  bolmagynda  galýar. Ol alymlardan N.N.Murawýowy, G.S.Karelini, I.F.Blarembergi, K.Bodeni (Kolyçew), G.Glubef de Blokweli, O.Donowony, G.A.Potanini we  başgalary  görkezmek  bolar.

Milli şaý-seplerimiz hakyndaky dürli  maglumatlar nusgawy  edebiýatymyzda  giňişleýin öz beýanyny  tapypdyr. Beýik Magtymgulynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Mahmyt Gaýybynyň, Gurbanly Magrupynyň, Mämmetweli  Keminäniň, Mollanepesiň, Annaglyç Mätäjiniň  eserlerinde  tyllaýy  nagyşlara  beslenen  şaý-sepleriň  tarypy  şahyrana  beýan  edilýär.

XX  asyryň  birinji  çärýeginden, togsonynjy  ýyllar çenli aralykda  milli  şaý-seplerimiz    belli  bir  derejede  öwrenilen  hem  bolsa, düýpli  ylmy-derňewleriň  alynyp  barylmandygyny  bellemeli. Örän  az  sanly ýazylan  makalalar, oçerkler, suratly  bukletler  halkymyzyň  ylahy  zehinden  döredilen  nepis  sungatynyň  aýratynlyklaryny  açyp  görkezip  bilmedi. Olar anyk ylmy  maglumatlar  esasynda  ýazylmanlygy  sebäpli  umumylaşdyryjy  häsiýete  eýe boldy.

Biz  şu  ýazgymyzda  ylmy  maglumatlar  esasynda  örän  giň, ýöne  entek  doly  derňelmedik  meseleleriň  biri- zergärçilik  sungatymyzyň  aýrylmaz  bölegi  bolup  durýan  çaga  şaý-sepleri  hakynda  durup  geçmekçi. Çaga  şaý-sepleri, olaryň  taryhy-etnografiki  ähmiýeti, şol  sanda  gorag  düşünjesi, dürli  yrymlar  bilen  baglanşygy  hakyndaky  garaýyşlar  entek  açyklygyna  galýar.

Munyň  wajyplygy  şulardan  ybarat: sebitde  ýaşaýan  dürli  halklarda  bolşy  ýaly, türkmenler  hem  maşgalada  köp  çagalylygy  ileri  tutupdyrlar; ýöne  irki  döwürlerde  ýeterlik  we  kämil  lukmançylyk  hyzmatlarynyň  bolmanlygy  sebäpli  çagalaryň  heläkçiligi  aradan  aýrylmandyr; olar  daşky  dünýäni  gurşap  alan  «gara  güýçlerden»  görlüpdir; şonuň  üçin  dürli  dessurlar  hem-de  yrymlar  olary  ýok  etmäge  gönükdirilipdir.

Türkmen  halkynda  yslamýeti  kabul  etmezinden  kän  owal  ençeme  dini  ynançlar, garaýyýlar  we  olar  bilen  baglanşykly  yrymlar  saklanyp  galmak  bilen  soňky  asyrlara, sözüň  doly  manysynda  alanyňda  biziň  wagtymyza  deňiç  ähmiýetini  ýitirmän  gelýär. Şunuň  bilen  baglylykda  pederlerimiz  öz  çagalaryna  «göz-dilden  gorasyn»  diýen  manysynda  dürli  doga-tumarlary  dakypdyrlar. Emma, çaga  şaý-sepleri  beýleki  bir  tarapdan  bezeg, zynat  we  owadanlyk  üçin  hem  dakylypdyr.

Olar  3 topara  bölünipdir: 1. Kelle  bezegleri, 2. Boýun, 3. Döş  bezegleri.

Ilki  bilen  çagalaryň  gorag  şaý-sepleri  4-5  ýaşa  çenli  jynsyna  garamazdan  meňzeş  bolandygyny  bellemeli. Ýöne  şondan  soň  gyzlarda  ýöriteleşdirilen (jyns  tapawudyny  aňladýan-L.B.)  bezegler  peýda  bolupdyr. Oglanlaryň  bolsa  7-8  ýaşdan  başlap, käbirleri (mysal  üçin: köýnegiň  ýakasyndaky  kümüş  ildirgiç) bolaýmasa  şaýlaryny  azaldypdyrlar. Sebäbi  bu  ýaşa  çenli  olaryň  saçy  syrylyp  gulpak  goýlupdyr, ymmatyň  kadasyna  laýyklykda  sünnete  ýatyrypdyrlar. Gyz maşgalalar bolsa 9-12 ýaşdan  başlap şaý-sepleri  ozalkysyndan  has  köp  dakynmak  bilen, bezegler  oral  zenanlaryňka  meňzeş  bolupdyr.

Ýaňy  dünýä  inen  çagalaryň  kelle  geýimine  tumar  hökmünde  «dadran»- ýylan başy berkidipdirler. Olaryň üstüni gögümtil reňkdäki  «gözmonjuklar», kümüşden  zikgelenen  «manatlyklar»  ýetiripdir.Ýurdumyzyň  demirgazyk  etraplarynyň  ilatynda ümbilmez  çaganyň  matadan  tikilip  taýarlanan  kelle  geýmine  «ukalyk»  dakyp, dört  burçuna  bolsa  guradylan  igde  çatypdyrlar. Bu  baş  gaby  «çille  topby»  diýlip, atlandyrylýar.

Türkmen  kabylalarynyň   hemmesinde  diýen  ýaly  bezegler- «düwme»  we  «gaňrow»  bolupdyr. Olar  öz  şaňňyrdysy  bilen  gara  niýetli  ruhlary  kowupdyrlar. Şeýle  hem  çagajyklaryň  tahýalaryna  hüwüň  we  baýguşyň  ýeleklerini  berkidipdirler. Mälim  bolşy  ýaly  dagdan  köp  türkmen  kabylalarynda  giňden  ýaýrandyr. Dagdan  köplenç  üçburçlyk  edilip, kä  halatlarda  doga  ýazylan  matadan  tikilen (ol  hem  üçburçlyk  görnüşinde) gapda  köýnegiň  ýakasynyň  sag  tarapyna  çatylypdyr.

Ýeri  gelende  bellesek  dagdan-dogalary  diňe  biziň  halkymyzda  däl, eýsem-de, dagly  täjiklerde  hem  ýaýrandyr (Willd- Kawkaz  karkasy: Köpetdagyň  eteklerinde, Günbatar  Pamirde, Kawkaz  daglarynda  we  Zakawkazýede  ösýär).

Dagdan  dag  etegi  türkmen  kabylalarynyň  ählisinde  gara  güýçlere  garşy  gorag  serişdesi  hökmünde  kabul  edilendir. Gadymy  pederlerimizden  «dagdanly  taýmaz-taýsada  ölmez»  diýen  pähim  galypdyr.  Etnograf  M.S.Andreýew  bu  ýagdaýy: «Huf  jülgesiniň  täjikleri  öz  tumarlaryny (tog: şu  ýerden  doga  sözi – L.B.) dagdan  agajyndan  ýasapdyrlar, sebäbi  olarda  gara  güýçleri  kowýan  gudrat  bolupdyr» diýip, teswirleýär.

Şonuň  üçin  hem  Zerewşan  derýasynyň  ýokary  akymlarynda  oturýan  täjikler  öz  zynatly  bezeglerine  dagdanyň  bölejigini  goşupdyrlar. Biziň  halkymyzda  bolsa  dagdan  dogalaryny  her  obanyň  mollary  taýarlapdyrlar. Kä  halatlarda  dagdanlar  arçadan, ýa-da  nar  agajyndan, şeýlede  mermerden («merwer  daş», «merwer  dagdany») hem  ýasalypdyr.

Türkmenistanyň  demirgazyk  etraplarynda, şonuň  ýaly-da, Amyderýanyň  orta  akymyda  ýerleşýän  obalarda  agaç  tumarlary  ýemşenden (tikenli  gyrymsy  agaç), ýa-da, tut  agajyndan  bolupdyr. Muňa  goňşy  özbek  we  garagalpak  halklarynada  hem  duşmak  bolýar. Mary  welaýatynda  dagdanlar  gumda  ösýän  borjakdan (efedra)  taýarlanypdyr. Merhum etnograf  G.P.Wasilýewa (1920-2005 ýý.) şeýle ýazýar: «Günorta  Türkmenistandan  getirilýän  dagdanlar  güýçli  gorag  serişdesi  hökmünde, edil  günorta-da  hem  örän  gyt  bolupdyr».

Ýurdumyzyň  günorta-günbatar  etraplarynyň  ilaty  çaga  tahýalaryna  kümüş  dagdany- «nagdaly»  berkidipdirler. Onuň  gelip  çykyşy,  gorag  hökmünde  ulanylmagy  we  adynyň (dagdan  bilen) meňzeş  bolmagy  hiç-hili  şübhe  döretmeýär. Emma  onuň  döreýşiniň  başga  çeşmeleri  hem  bar: käbir  etraplarda  ol  «pyşbaga», ýa-da  «gurbaga»  diýlip, atlandyrylmak  bilen, bu  bezegiň  käbir  görnüşleri  özüniň  meňzeşligi  bilen  haýran  galdyrypdyr.

Biziň  wagtymyzyň  etnografiki  edebiýatlarynda  türkmen  dagdanynyň  müsür  tomzagynyň  güýji  bilen  meňzeşligi  hakynda  gyzykly  garaýyşlar  beýan  edilýär. Orta  Aziýanyň  köp  halklarynda  tomzaklar (bizde  ol  «gajarbegdir»-L.B.) diňe  göz-dilden  goramagyň  tumary  däl-de, eýsem-de, nesilbaşylygyň  dogasy  hökmünde  hem  meşhurdyr. Şonuň  üçin-de, halkymyzda gyzjagazlara  kümüşden  ýasalan  bu  bezegi  dakmak  bilen, haçan-da  ol  çykyp  maşgala  bolanynda, köp  nesilli  bolmagy  arzuw  edipdirler.

Şu  ýerde  dadrana- «ýylan  başyna»  hem  ünsi  çekmekçi: ilkinji  nobatda  ýylan  başy (özbek.: «ilon  başi», gyrgyz.:  «jilandyş  başi», kazak.: «jylan  basy»)  köp  halklarda  örän  ähmiýetli  ruhy  güýç  hökmünde  kabul  edilipdir. Orta  Aziýanyň  halklarynda  ýylanlaryň, aždarhalaryň uýmasy  hakynda  taryhy, arheologiki, etnografiki  edebiýatlar, rowaýatlar  we  gürrüňler  ýeterlikdir.

Alymlaryň  ýazyşy  ýaly  «ýylan  başyň»  uýmasy  gadymy  we  orta  asyr  Horezmiň  hem-de  Marynyň  ilatyndaIV-VII  asyrlardan  bäri  belli  bolup, ol  zenan  şaý-sepleriniň  aýrylmaz  bölegi  saýylypdyr.

Günorta  Türkmenistanyň, hususan-da, dag  eteginde  ýaşaýan  türkmen  kabylalarynda  «ýylan  başyň»  uýmasy  biziň  eýýamymyzdan  ozalkyV-III  müňýyllyklardan  bäri  gelýär. Demirgazyk  Änew  depelerinden  tapylan  küýze  gap-gaçlarynda  ýylanyň  dürli  görnüşdäki  şekilleri  ýedrleşdirlipdir. Hususan-da, XV  asyryň  ortasy  bilen  senelenýän  Seýitjemaleddin (Änew)  mesjidiniň  gurluşygy  bilen  baglanşylykly  rowaýatlaryň  biri  ýylanlar,ýa-da aždarhalar  bilen  utgaşýar. Bu  rowaýatyň  döreýşi  hristýançylyk  dini  bilen (mysal  üçin: jaň  kakmak)   bilen  baglydyr.

Haçan-da, çaga  ýörjen-ýörjen  bolanda  we  özbaşdak  bolanda  onuň  egin-eşikleri  dürlüçe  tikilip, onuň  tahýasyna  we  geýmine  dakylýan  şaý-sepler  hem  çylşyrymly  we  owadan  bolupdyr. Şunlukda  misden  ýa-da  kümüşden  gynly  bilezikler  bolup, ony  çagajyklaryň  bir, kä  halatlarda    iki  aýagynyň  topugyna  geýdiripdirler. Onuň  «burma»  we «şihil»- işgil  atlary  bolupdyr. Ol  bilezikler  düwmelije  bolup, esasan  çaga  heläk  bolýan  maşgalarda  1-1,5  ýaşdan, 3-4  ýaş  aralygynda  göteripdirller.

Çagalarda  gorag  şaý-sepleriniň  uly  köplügi  iň  ýokarky  geýimde ýerleşdirlipdir. Donjagazlarda, keltekçelerde  kümüşden, agaçdan, matadan  dogalar,«ýylanbaşly»  we  «gözmonjukly»  bolupdyr. Gyzjagazlaryň  köýneginiň  ýakasynyň  iki  tarapyna  «çapraz-çaňňa» (başgaça  sitara-L.B.), oglanjygyňka  kümüş  ilik («kilt»)  dakylypdyr. Mundan  başga-da, donjagazlaryň  eteklerini, keltekçeleriň  arka  ýüzüne, şol  sanda  donyň   ýeňini  teňňeler, uzynak  we  tegelek  kümüş  çaňňalar  bilen  bezäpdirler.

Ýöne  köp  şaý-sepler  çagajyklaryň  ýöriteleşen  egniňe  atylýan, goltugyň  aşagyndan  bagjyk  bilen  daňylýan  üçburçlyk, ýeňiň  ýerine  «ganatlyja»  geýimlere  dakylypdyr. Onuň  «ýelek», «ala  ýelek kürte», «kürte», «alfak», «gurama»  ýaly  dürlüçe  atlary  bolup, ony  çagajygyň  ejesi  ýaňy  aýak  bitende  tikip, 5-6  ýaşyna  deňiç  geýipdir. Bu  eginbaşyň  çep  egniňe  dilikli  tegelek  ýakasy  ala-mula  jähek  bilen  jäheklenipdir, şonuň  ýaly-da, ol  aşak  ýüzünden  ýörelmändir.

Biziň  toplan  meýdan  ýazgylarymyzda  görkezilşi  «ýaly ala»  ýelek- örän  bezegli  geýim  bolup, ol  köplenç  halatlarda  baýramçylyklarda, maşgala  dabaralarynda, ýa-da  myhmançylyga  gidilende, ýa-da myhman gelende  geýdirilipdir.

Türkmenistanyň  demirgazyk  etraplarynyň  ilatynda  «ýelek»  geýmedik  çaga terbiýesiz, kelasaň  bolup  ýetişýär  diýen  düşünje  bolupdyr. Günbatar  etraplarda (Serdar, Etrek, Magtymguly) bu  geýim, ýa-da  ýapynja  bilen  baglanşykly  «Ýelek  geýmedik  ýelter», «Ýelek  geýmedik  ýeller, hemme  kişi  biler» ýaly peder  pähimleri  galypdyr. Biziň  pikirimizçe  bu  nakyllar XIX  asyryň  ahyrlaryna- XX  asyryň  başlaryna  degişlidir.

XIX  asyryň  ahyrlaryndan  başlap  çaga  geýimlerinde  örän  zynatly, hakykatdan-da  çekdirlip  duran  peýkama (ok-ýaý)  meňzeş  şaý-sepler  ýoň  bolupdyr. Bu  bezeg  hem  tumaryň  manysyny  beripdir. Geçen  asyryň  otuzynjy  ýyllarynda  bu  şaý-sep  has  stilleşip  we  özüniň  diňe  daşky  sudury  boýunça  hem-de  atlandyrylşy  ýaly  ozalky  tumarlary  ýatladypdyr.

Kümüşden, kä  halatlarda  altyn  çaýylan ýasalan  «ok-ýaý»  oglanjyklaň  donunyň  ýa-da  ýapynjasynyň- 2-3  ýaş  aralygyndan , 6-7  ýaşa  deňiç  aralykda  arka  tarapyna  berkidilipdir. Bu  şaý-sep  oglanjyga  güýç  we  batyrlyk  berýär  diýen  düşünje  beripdir. Mundan  başga-da, maşgalada  indiki  dogulmaly  çagaň  oglanjygyň  bolmagyny  diläp  gyzjagazlaryň  ýokarky  geýmine  dakylypdyr. «Ok-ýaýyň»  gazaply  ruhlary  kowup  bilýän  ýoňsuz  güýji  hakyndaky  düşünjeler  köp  halklarda  bolupdyr.

Gadymy pederlerimiziň ok-ýaý bilen  ilkinji  tanyşlygy biziň  eýýamymyzdan ozalky XI-VII müňýyllyklarda  başlanypdyr.Olar  ýyndam haýwanlary  peýkamdyr  sapan  bilen  awlapdyrlar.

Ok-ýaý  bilen  utgaşýan  ylmy, epiki  we  edebi  maglumatlar  ýeterlikdir. Meşhur  Gomeriň «Odesseý»  eposynda onuň  ýaýyny  diňe  özüniň  çekip  bilmegi, «Görogly»  şadessanynda  Göroglynyň  özüne ýaraglar  saýlanynda  gylyç, naýza  we  galkan  bilen  bir  hatarda  peýkamy  hem  çekip  güýjüni  görkezmegi  bu  ynsanyň  ilkinji  oýlap  tapan  mehaniki  ýaragynyň fiziki  we  ruhy  kuwwatydyr.

Biziň toplan etnografiki maglumatlarymyz çagaň jyns  tapawudyna  garamazdan  ýassygynyň  aşagyna (başujyna)  jöwher  pyçak, Kuranyň  goýulýandygyny  tassyklydy. Bu  ynanç örän  köp  halklarda  bolup, çaga  ýatanynda  basyrganmasyn, gorkmasyn, aglap  oýanmasyn (halkyň  arasyndaky  gürrüňlere  laýyklykda  sallançakda  uklap  ýatan  bäbegiň  gulagyna  «şeýtan  ejeň  öldi, ejeň  ýok» diýip  gygyrýan  eken) manylaryny  beripdir.

Gysgaça  aýdanyňda  sowuk  ýaraglar (köplenç  jöwherden  ýasalan) adamy  gije  hereket  edýän  gara  güýçlerden  gorapdyr. «Ok-ýaý»  hem  edil  şonuň  ýaly  çagajyklaryň  saglygyny, asudalygyny  we  işiniň  rowaçlygyny  hemişe  goraýan  bezeg  bolupdyr.

Aslynda  peýkam  türkmenlerde (şonuň ýaly-da   beýleki  türki  halklarda)  diňe  ýoňsuz  güýçliliginden  daşgary  oglanjygyň  ulalmagynda, kemala  gelmeginde, iň  esasy-da, fiziki  we  ahlak  taýdan  gaýratly  ýigit  bolup  ýetişmeginde  uly  ähmiýete  eýe  bolupdyr. Ok-ýaý  bilen  baglanşykly  halk  hekaýetleri, pähim-paýhaslar, ertekiler  döräpdir. Akademik G.A.Potaniniň  maglumatlarynda  mongollaryň  derbet (dýurbýut)  kabylasynda  kümüşden  ýasalan  peýkamyň  we  üç  sany  okuň  çagaň  sallançagyndan  asylyp  goýulmagy, onuň  beden  taýdan  sagdyn  ösmegine  ýardam  berýändigi  nygtalýar .

Şu  ýerde  çagajyklaryň  gulagyna  we  burnuna (soňky  hemme  kabylalarda  adat  däldir) dakylýan  bezegler  hakynda  durup  geçmekçi. Ilkinji  nobatda, olar  gorag manysynda dürli  kesellerden  we kynçylyklardan halas bolmagy  aňladypdyr. Türkmenlerde  gulagyň  etli  böleginiň deşilmegi  uly  dabara  bilen  bellenipdir. Gulak  çaga  3-4  aý, kähalatlarda  1  ýaşandan  soň bolanda deşilipdir. Soňky  wagtlarda  halkymyzda  burun  deşilmeýär. Ýöne  muňa  garamazdan  demirgazyk  etraplaryň  ilatynda  bu  dessur  biziň  günlerimizde  hem  dowam  edip, burna  ysyrga  dakmaklyk  hudaýhalan  däp  saýylýar.

Çagaň  gulagyna  hünjin  ýa-da  monjuk  dakylan  ýüpek  sapagy  berkidýärler. Käbir  türkmen  kabylalarynda (japarbaý  ýumutlarynda) gyzjagazyň  gulagyny 2  ýaşda  deşip, ilki  ýüpek  sapagy, ondan  inçejik dagdan agajy  geçirýärler. Gyzjagaz  ol  dagdanly  8-10  ýaşyna  deňiç  gezipdir.

Şu  ýerde  tahýalar  hakynda  durup  geçmekçi. XVIII-XIX  asyrlarda  gyzjagazlaryň  tahýasy (kä  halatlarda  oglanlaryňky) dürli  kümüş  teňňeler  bilen  bezelipdir, ortarasyndan  gidýän  gupbaň  silindr  turbajygyna  hüwüniň  ýelegi  oturdylypdyr.

Oglanjyklaryň  gupbasy  gyzlaryňka  garanyňda  ýönekeý  bolupdyr. Ahal sebitlerinde  gupbany  gymmatbaha  daşsyz  we  altyn  çaýylmadyk (altyn  çaýylan  gupbalar örän  seýrek  bolupdyr-L.B.) materialdan  taýarlapdyrlar. Demirgazyk etraplaryň ilatynda  oglanlaryň  gupbasy  gyzlaryňka  garanyňda has  ýukajykdyr. Balkan  sebitleriniň  ilaty  oglanjyklaryň  tahýalaryna   pöwrize  daşlary we  şelpeleri  bolan  sekizburçly  ýukajyk  şaý-sep- «bent»  berkidipdirler. Adatça  oglanjyklar  gupbaly  tahýany  6  ýaşa  çenli, gyzlar  bolsa  durmuşa  çykýança  göteripdirler.

Geçen  asyryň  otuzynjy  ýyllarynda  köp  ýerlerde  oglanjyklaň  tahýalaryna  teňňe  ýa-da  gupba  berkitmekligi  galdyrypdyrlar. Onuň  ýerine  gorag  şaý-sepi  hökmünde  kümüşden  «üçburçluklar» (doga), hem-de  içine  Kuranyň  aýatlary  ýazylan  kümüşden  silindr  turbajyklar (tumar)  gelip, oglanjyklaryň  tahýalaryna  berkidipdirler.

Demirgazyk  etraplaryň  ilatynda  çagalaryň  baş  gabyna  «dyrnak», ýa-da  «guş  dyrnak» diýen  bezegi  dakypdyrlar. Ol  kümüşden  ýasalyp  gorag  şaý-sepi  manysyny  beripdir  we  çagaň  baş  gabynyň  alyn  tarapyna  berkidilip, örän  ýoňsuz  bolupdyr. Şeýlede  ol  inedördül  görnüşi  bermek  bilen, dürli  taraplara  bakyp  duran  şahajyklar, olaryň  arasynda  bolsa  haç  görnüşli  heýkeljikler, galan  3  inedördülde  bolsa  kümüş  şelpejikler  berkidilipdir. Inedördüliň  merkezinde  uly  serdolik  daşy  goýlupdyr. Bu  bezegiň  has  irki  döwürlerde  uly  ähmiýete  eýe  bolandygy  ylmy  maglumatlarda  berilýär.

Zergärlerimiziň  şaý-sep  ýasanlarynda  kümüşe  ýykgyn  edendikleri  aýratyn  bellärliklidir. gara reňke   öwürilýär. Kümüş  bakteriýalary  ýok  etmägi, suwy  durlamagy  başarýar.

Muny pederlerimizden  galan  dürli  tejribeler  we  öz  meýdan  ýazgylarymyz  hem  tassyklaýar. Hususan-da, kümüş  saglyk  üçin  peýdalydyr. Taryhdan  aýan  bolşy  ýaly  pederlerimiz  uzak  geçmişiň  dowamynda  ençeme  migrasiýalary  başdan  geçirmek  bilen  içimlik  suwlary  gutaran  wagty, guýularyň  suwuny  süýjetmeklik  üçin  kümüş  teňňeleri  ulanypdyrlar. Şonda  kümüş  suwdaky  zäherli  maddalary  zyýansyzlandyryp, bakteriýalary  gyrypdyr.

Aslynda  şaý-sepleriň  aglabasynyň  kümüşden  ýasalandygynyň  ýene  bir  sebäbi  onuň  maýyşgaklyk  häsiýetidir. Köplenç  halatlarda  ol  şu  häsiýeti  bilen  sowuk  ýaragyň  badyny  alýar: aňsat  döwülenogam, çapylanogam. Zarba  gaty  güýçli  bolan  halatynda  iki  gat  bilezigiň  birinji  gatyndan  geçip, ikinjisinden  welin  aňsat  geçenok.

Şunlukda  çagalara dakylýan şaý-sepleň  ýene  birine  «bezbent»(« bäzbent»)  diýilýär. «Bezbent»- uly  tegelek,  iki     gat  ortasy  serdolik  gaşly, altyn  çaýylan we  ösümlik  nagyşlary  bilen  bezelen  şaýdyr. Köp  türkmen  kabylalarynda  bezbent  ýapynjaň  arka  tarapyna  dakylypdyr. Onuň  iki  taraby  kümüş  tumarlar, ýukajyk  şelpeler  bilen  berkidilipdir.

Türkmen  zergärleri  «bezbendi» iki  gat-arasyna  çäge  guýup  ýasapdyrlar. Sebäbi  çäge  sowuk  we  atylýan  ýaragyň (okuň) badyny  alypdyr. Onuň  arasyna  derman  oty, güläp  suwuna  ýatyrlan  pagta  hem  dykylypdyr. Ony  dakynan  çagaň  burnuna  ys  gelip  durar  ýaly, dört  ýerinden  deşik  deşilipdir. Şelpelerde  düwmejikleriň  sazlaşykly  sesi  islendik  adamyň, şol  sanda  nerwi  ulgamyna  oňaýly  täsir  edipdir.

Bir  söz  bilen  aýdanyňda  her  bir  halkyň  eşigem, şaý-sepem  onuň  durmuşynyň  etikasyndan  gelip  çykýar. Döwürdeş italýan etnografy L.Çençiň: «Türkmeniň üýtgewsiz ruhy gymmatlyklaryny şu güne  çenli  saklanyp galan zergärçilik sungatynda görmek bolýar» diýip, ýazmagy tötänlik däldir.

Sözümiziň  soňunda, akademik G.A.Pugaçenkowanyň: «Türkmen zergärçilik önümleri beýleki ortaziýa  halklarynyň  şaý-seplerinden  düýpli  tapawutlanypdyr. Olar haýran  galdyrjylykly  ussatlyk  bilen  ýerine  ýetirlipdir» diýen  kesgitlemesini  aýratyn  bellemekçi. Bu sungat  bize  asyrlardan  aşyp, köňüllerimizde  beslenipdir. Olar  her  bir  türkmen  kalbynyň  tyllaýy  nagyşladyr.

Laçyn BABAÝEWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

mugallymy

 

_________

*Haçan-da,maşgalada  bir  adam  agyr  hassa  bolup  ýatsa, sanalgysy  dolsa  onuň  başujynda  Kuran bilen jöwher pyçak goýulýar.

**Mysal  üçin  garadaşly  kabylasynda

Bellik : Fotosuratlar https://medeniyet.gov.tm saýtyndan alyndy.

 

 

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy