BIZNES

Türkmenistanyň wekiliýeti Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşýar

2023-nji ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Tbiliside dördünji Ýüpek ýoly forumy geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktorynyň orunbasary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Tbilisi forumy 60 ýurtdan 2000-den gowrak gatnaşyjyny, şol sanda syýasy ýolbaşçylary, bilermenleri, halkara guramalarynyň wekillerini we işewür toparlaryny bir ýere jemledi.

Forumyň çäginde türkmen wekiliýeti söwda, ykdysady, ulag, energiýa we maýa goýum ugurlary bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin iki taraplaýyn duşuşyklar geçirer.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder