MEDENIÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Sankt-Peterburgdaky halkara medeniýet forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 11-14-nji sentýabr aralygynda Sankt-Peterburgda geçirilýän 10-njy Halkara Birleşen medeniýet foruma gatnaşýarlar. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Medeniýet ministrliginiň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary bar.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili, kinorežissýor Sahysalyh Baýramow «Kino» tematiki sessiýasynda çykyş etdi. Ol bu sesiýada «Türkmenfilm» birleşiginiň alyp barýan işleri, soňky ýyllarda surata düşürilýän kinolar, şol san-da dünýäniň dülri ýurtlarynda geçirilýän halkara kino festiwallarynda «Türkmenfilm» birleşiginiň gazanýan üstünlikleri barada gyzykly gürrüňler berdi.

Kinorežissýor Sahysalyh Baýramow «Türkmenfilm» birleşigi bilen GDA döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada gürrüň berip, üstümizdäki ýylyň ýurdumyzda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen, Özbegistanyň meşhur kinematograflary bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuş we döredijilik ýoluny açyp görkezýän uly göwrümli bilelikdäki çeper film barada hem gyzykly gürrüň berdi.

Forumda dürli ýurtlardan bolan döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler we dünýä belli medeniýet işgärleri halkara medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşýarlar.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary milli aýdym-saz we wokal sungatyny görkezerler.

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty