JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz türk kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar birek-biregi iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depginini belläp, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde energetika ulgamynda, dokma senagatynda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki pudaklarda düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan türk kompaniýalaryň alyp barýan köp ýyllyk üstünlikli işleri netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Şunda geljegi uly türkmen bazarynda depginli işlemäge gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy türk kärhanalary çekmek arkaly şol hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýetini nygtap, bu halkara düzümiň dünýäde geljegi uly bolan abraýly guramalaryň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

“Ýurdumyzyň bu gurama synçy döwlet hökmünde girmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmegi guwançly wakadyr” diýip milli Liderimiz belledi hem-de Türkmenistanyň onuň işine we bu düzümiň Aksakgallar geňeşine (Ýaşulular geňeşine) işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türki dilli ýurtlaryň Parlament Assambleýasyna we Türki ýurtlaryň Söwda-senagat edarasyna agza hökmünde gatnaşmak mümkinçiligine ýurdumyzyň gyzyklanýandygy barada aýtdy.

 

S.Berdimuhamedow bilen söwda ministri Mehmet Muşuň arasynda telefon söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi Türkmenistanda geçiriler