Şu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebi hem açyp ulanmaga berildi.
Türkmen gurluşykçylary tarapyndna bina edilen täze umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň maý aýynda Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde 1080 okuwça niýetlenen bu mekdebiň gurluşygyna badalga berlipdi.
Täjigistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly geçirilen açylyş dabarasynda eden çykyşynda gysga wagtda şeýle ajaýyp durmuş ähmiýetli binanyň gurlup ulanmaga berlendigi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümine özüniň hoşallygyny bildirdi.
– Şu şanly waka mynasybetli täze ösüp gelýän ýaş nesliň öňdebaryjy bilim tehnologiýalary hem-de enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze mekdepde okamak mümkinçiligine eýe bolýarlar – diýip, Täjik Prezidenti belläp geçdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan täze mekdebiň açylmagy hem-de Bilimler güni bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge berýän hemişelik ünsi üçin minnetdarlyk bildirip, bu şanly wakalaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugyň hem-de doganlygynň nyşany bolmak bilen, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.
Bu açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistandan hem wekilçilikli topar Täjigistanda saparda boldy.
Şeýle hem açylyş dabarasynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan mekdebiň birinji synp okuwçylaryna kompýuterler sowgat berildi.
Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan mekdebe täze awtobusyň açyry gowşuryldy.
