Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Özbegistan Respublikasynyň mekdebe çenli we mekdep bilimi ministri E’zozxon Karimowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyk Bilim boýunça bütindünýä monitoringly hasabatynyň — GEM Report 2026-nyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan halkara çäreleriň çäklerinde geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.
Duşuşykda mekdebe çenli we umumy orta bilimi ösdürmek, pedagogik işgärleri taýýarlamak boýunça öňdebaryjy tejribäni alyşmak, şeýle hem okuw-terbiýeçilik işine häzirki zaman usullaryny we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara olimpiadalaryna gatnaşmagy babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda Türkmenistanda we Özbegistan Respublikasynda geçirilýän olimpiadalara ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegiň, bilelikdäki maksatnamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ÝUNESKO ýaly halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Duşuşygyň jemleri boýunça bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, onuň amaly mazmunyny giňeltmäge we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özara gyzyklanma tassyklanyldy.
