BIZNES

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binalar toplumynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi.

Forumyň işine iki döwletiň ýokary derejeli wekilleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň, iki ýurduň käbir welaýatlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Forumda edilen çykyşlarda türkmen-özbek söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň soňky ýyllardaky ösüşine kanagatlanma bildirildi.

Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda geçen ýyl 1 milliard amerikan dollaryndan hem geçen söwda gatnaşyklarynyň üstümizdäki ýylda has ýokary derejelere eýe bolmagyna garaşylýar. Şunda goňşy döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, degişli ministrlikleriniň we welaýatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn uly orun degişlidir.

Forumyň çäklerinde şu gün ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesi geçirildi. Onuň jemleýji böleginde bolsa ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şu gün bu ýerde geçirilen Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisi hem öz işini tamamlady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder