DÜNÝÄ

Türkmenistanyň üýtgeşik tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna giriziler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär kätibi, şeýle hem ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tassyklanan gün tertibine laýyklykda, gatnaşyjylar Milli toparyň 2025-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, medeniýet we ylym ulgamlary boýunça hasabatlara seretdiler, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyny we Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. 2025-nji ýylda Milli toparyň işi tassyklanan meýilnama laýyklykda, ulgamlaýyn we yzygiderli esasda alnyp baryldy.

Taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Hasabat döwründe «Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizildi. Köptaraplaýyn hödürnamalary taýýarlamak boýunça işler, şeýle hem milli mirasy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň çäklerinde hödürlemek boýunça işjeň çäreler dowam etdirildi.

Ylym we bilim ulgamynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň «Öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna» girizilmegi, UNITWIN maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýanynda «Sanly ylym» kafedrasynyň döredilmegi, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ÝUNESKO klubunyň açylmagy bellenildi.

Ekologiýa we howanyň üýtgemegi ugrunda sebit başlangyçlaryny durmuşa geçirmek dowam etdirildi, Aşgabatda halkara geňeşmeler we çäreler geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň üýtgeşik tebigy desgalaryny ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça işler alnyp baryldy.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýolbaşçy edaralaryna gatnaşygyny giňeltmek meselelerine, şol sanda ýurdumyzyň kandidaturasyny 2026-2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetine hödürlemek meselesine hem seredildi.

Mejlisiň jemini jemlemek bilen, gatnaşyjylar bilimi, ylmy, medeniýeti, durnukly ösüşi we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri