DÜNÝÄ

“Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatsöýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym, bilim, medeni we ynsanperwer hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde we berkitmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň raýatlarynyň hem-de ýuridiki şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda, ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi hem-de bu nyşan hakyndaky düzgünnama, nyşanyň ýazgysy hem-de şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.

Degişli resminamany hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasat ugry boýunça geçiren iş maslahatynda gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy