Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin düzümleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Türkmenistan agzalan komissiýalar bilen ykdysadyýet, ulag, energetika, daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Milli bähbitlerden ugur alyp, bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Daşary işler ministrligi birnäçe teklipleri taýýarlady.
Mälim bolşy ýaly, 1998-nji ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA) hereket edýär. Türkmenistan geçen döwürde SPECA-da birnäçe gezek başlyklyk edip, onuň mejlislerini we ykdysady forumlaryny üstünlikli geçirdi, şeýle hem döwletimiz bu maksatnamanyň işini kämilleşdirmek babatda anyk teklipler bilen ilkinjileriň hatarynda çykyş edýär. 2024-nji ýylyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň bu maksatnamada başlyklyk etmek döwri tamamlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA-da başlyklyk etmegi, degişli konsepsiýany hem-de çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler beýan edildi.
Ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäklerinde durnukly energiýa babatda hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG-niň ÝYK-nyň gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, arassa elektrik ulgamlar boýunça bilermenler toparlaryna “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekillerini agza hökmünde hödürlemek teklip edilýär.
BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 2023-nji ýylyň maýynda geçirilen 79-njy mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Onuň wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň agza döwletleriniň bilermenleriniň gatnaşmagynda ýörite duşuşygy guramak, 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolsa Aşgabat şäherinde Aral deňziniň sebitinde tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklipler beýan edildi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu komissiýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti elektron söwdany ýeňilleşdirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşygyna goşuldy. Bu Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, iş toparynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Onuň düzümine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Döwlet gümrük gullugynyň wekillerini agza hökmünde hödürlemek maksadalaýyk hasaplanýar.