JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Ýokary hökümet derejesinde yzygiderli guralýan özara saparlar döwletara gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga we anyk netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Ankarada ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşygyň iki doganlyk halkyň netijeli özara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna täze sahypany ýazar hem-de toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat eder.

…Birnäçe wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Esenboga» Halkara howa menzilinde gondy.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Emele gelen asylly myhmansöýerlik däbine laýyklykda, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Türkiýe Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde ykrar edilen Bitaraplyk derejesini iki gezek goldan ýurtdur.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Türkmenistanda ýolbaşçy düzümler 1-nji awgustdan başlap dynç alşa çykar

Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna

Talyp-2025: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Talyp-2025: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Ata Watan Eserleri