JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň “TASS” habarlar gullugy bilen söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň baýry hem-de abraýly habarlar gullugy hasaplanýan “TASS” habarlar gullugynyň baş müdiriniň birinji orunbasary Mihail Gusman bilen söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada “TASS” habarlar gullugynda bellenilip geçilýär.

Şol söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, durmuş ýörelgeleri, şeýle hem Türkmenistanyň täze owgan hökümeti hyzmatdaşlyk etmek baradaky tagallalary barada gürrüň berendigi mälim edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “TASS” habarlar gullugynyň baş müdiriniň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ilkinji Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň döredilinen 30 ýyl dolandygyny belläp, GDA-nyň 30 ýyllygy hem-de Türkmenistan bilen gatnaşyklary baradaky sowalyna şeýle jogap berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň umumy ykdysady mümkinçilikleriniň gatnaşyjy ýurtlaryň çalt senagat, maýa goýumlary, innowasiýa ösüşi, sebitde häzirki zaman köpugurly ulag we logistika ulgamyny döretmek üçin netijeli peýdalanylmagynyň möhüm bolup durýandygyny belländigi, GDA-nyň geçen ýyl kabul edilen 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş strategiýasynyň bu maksatlary ýetmegiň ýollaryny kesgitleýändigini belländigi mälim edilýär.

TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA STRATEGIK HYZMATDAŞLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar baradaky sowala beren jogabynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar –  iki strategiki hyzmatdaşyň gatnaşyklarydygyny, bu aýratynlygyň türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň  hemmetaraplaýyn, uzak möhletli bolýandygyny görkezýändigini belläp geçipdir.

RUSSIÝANYŇ PREZIDENTI BILEN GÜRLEŞMEK ÝAKYMLY

“Aç-açan aýdyp bilerin: ynamly, açyk, dostlukly, hemişe gaty mazmunly we ahyrky netijä gönükdirilen. Biziň tanyşlygymyz men Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwründe Wladimir Putiniň Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň birinde oňa ýoldaş bolanymda başlapdy. Ýalňyşmaýan bolsam, 2002-nji ýylda bolupdy.” – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen özara gatnaşyklary baradaky berlen sowala jogap berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň rus kärdeşini 20 ýyla golaý wagt bäri tanaýandygyny we ähli meseleler boýunça hemişe dogruçyl, göni we açyk gepleşikler geçirilýändigini belläp geçdi.

– Meniň pikirimçe, Wladimir Wladimirowiç ýönekeý häsiýetli we giň göwünli beýik adam. Elmydama gürleşmek ýakymly adam – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belläp geçipdir.

SPORT WE DÖREDIJILIK

Türkmenistanyň Prezidenti söhbetdeşligiň barşynda özüniň işiniň köpdügine garamazdan, sport bilen meşgullanmaga wagt tapýandygyny belläp, döredijilik ukybynyň, ata-babalaryndan galan mirasydygyny belläp geçipdir. Türkmenistanyň Prezidenti atasynyň we kakasynyň mugallym bolandygyny, hekaýalar we goşgular ýazýandygyny, özüniň hem mugallymçylyk işinde bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti aýdym we sazyň özüniň azajyk ünsüni sowmaga mümkinçilik berýän güýmenje bolup durýandygyny belläpdir.

OWGANYSTAN MESELESI…

– Soňky günlerde Owganystandaky syýasy ýagdaý düýpgöter özgerdi. Goňşy ýurtda Owganystandan daşary ýurt goşunynyň çykarylmagyndan soň täze hökümet gurmak başlandy. Ýurt taryhynda täze tapgyra gadam basYLdy.

Biz Türkmenistanda ýagdaýyň ösüşini we Owganystandaky soňky wakalary ýakyndan yzarlaýarys we ýurtda giň milli gepleşik esasynda parahatçylykly durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirýäris – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan bilen baglanyşykly sowala jogap berdi.

 

Russiýanyň Konsullyk gullugy raýatlary kabul edip başlar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady