Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 — 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Bu bolsa ÝUNISEF bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir.
Häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen ýyllyk iş meýilnamalarynyň 10-syna gol çekildi. Bu resminamalar, hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak, olaryň iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goraglylygy we inklýuziw bilim almagy babatda hyzmatdaşlygy öz içine alýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda çagalary goramagyň hukuk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy. Söhbetdeşler bilelikdäki işiň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, çagalara immunizasiýa etmek üçin sanjym serişdelerinidir enjamlary satyn almak babatda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýratyn nygtadylar.
