JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Samarkant şäherine bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine bardy. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.

Hormatly Prezidentimizi Samarkandyň halkara howa menzilinde Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar garşylady.

Bu sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Sammite gatnaşmak üçin Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Samarkant şäherine bardy.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, ynam, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraply gatnaşyklaryň çalt depginde ösýändigini bellemelidiris.

Geçen ýyl özara söwda dolanyşygynyň mukdary 1 milliard dollardan geçdi. Özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary senagat, energiýa, ulag, oba hojalygy we suw dolandyryşy we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda üstünlikli ösdürilýär.

“Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagy döredilýär. Işjeň sebitara gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde dürli çäreler yzygiderli gurnalýar.

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi