JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazak Lideri bilen duşuşdy

Astana iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

– Gazak-türkmen gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine laýyklykda üstünlikli ösdürilýär. Size iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryna berýän goldawyňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Ykdysady hyzmatdaşlygymyz ösdürilýär. Hökümetlerimiz özara söwdanyň möçberini 1 milliard dollara ýetirmek ugrunda iş alyp barýar. Biziň ýurtlarymyzda ähli mümkinçilikler bar. Energetika, senagat, ulag, logistika we beýleki pudaklarda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalar bar – diýip, Gazak Lideri belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem öz gezeginde myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine kanagatlanma bildirdi.

– Tükrmenistan Gazagystan bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýär. Syýasy dialog işjeň ösdürilýär, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar pugtalanýar. Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç, biz Sizi güýzde Türkmenistana resmi sapar hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara foruma gatnaşmak üçin gelmegiňize garaşýarys – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belläp geçdi.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, energetika, nebitgaz, ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugurlaryna aýratyn üns berildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada german işewürleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň we Germaniýanyň Kansleriniň duşuşygy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Owganystandaky maýa goýumlary 1.5 milliarddan geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Harby gullukdan boşatmak we çagyrmak boýunça Permana gol çekildi