JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygynda resmi saparda bolýar

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň ilkinji sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna bardy.

Bahreýniň resmi habarlar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygynyň paýtagtynyň halkara howa menzilinde ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa, adalat ministri, hormatly toparyň başlygy Mohammed Al Maawda, daşky gurşawy goramak boýunça ýokary geňeşiň wise-prezidenti, atly sport klubynyň ýokary komitetiniň başlygynyň orunbasary Şeýh Feýsal bin Raşid Al-Halifa we beýleki resmi adamlar tarapyndan garşy alyndy.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al-Halifa bilen gepleşikler geçirer. Saparyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Belarus Awazadaky foruma uly gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Burundi we Çadyň ministrleri bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi