DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti altyn nyşan bilen sylaglanyldy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň giňeldýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar — iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur teleýaýlymlar bilen bilelikde özygtyýarly türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de ýurdumyzy halkara habarlar giňişligine goşmak, metbugat we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, internet serişdelerinde täzelikleri, habarlary ýaýratmak, syn we seljerme materiallaryny çap etmeklik boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli gazananlary baradaky habarlary, milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň amala aşyrylmagy, demokratik özgertmeleriň geçirilmegi hem-de döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryndaky iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça habarlary çalt ýaýratmaga mümkinçilik berýär.

Media ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri — “Mir” döwletara teleradiokompaniýasy umumy habarlar giňişligini saklamak hem-de GDA-da habarlary halkara derejede alyşmak maksady bilen 1992-nji ýylda döredildi.

“Mir” döwletara teleradiokompaniýasy, ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işine berýän goldawy, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglanyldy. Bu ýokary sylag meşhur teleradiokompaniýanyň žurnalisti bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza gowşuryldy.

Türkmenistan “Mir” döwletara teleradiokompaniýasyna millionlarça tomaşaçylary bolan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýän öňdebaryjy teleradiokompaniýalaryň biri hökmünde garaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, milli žurnalistikany ösdürmeklik hem-de teleradioýaýlymlaryň işgärleriniň sanly ulgam babatda bilim derejesini ýokarlandyrmaklyk, öwrediji we gyzykly mazmunly gepleşikleri taýýarlamakda daşary ýurtlaryň tejribesini öwrenmeklik hem-de ulanmaklyk boýunça uly işler geçirilýär.

Bu gün ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň öňünde hemişelik Bitaraplyk derejesiniň many-mazmunyny düşündirmek, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygaryň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, anyk wezipeler goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä we milli habarlar agentlikleri, döredijilik hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen habarlary alyşmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri beýan etmekde iri halkara neşirleriň gyzyklanmasyny goldamak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek geçirilýän işiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça bu ugurda hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin yzygiderli çäreler görülýär. 2020-nji ýylyň noýabrynda meşhur teleradiokompaniýanyň ýolbaşçysy — “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy R.I.Batyrşin bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda Habarlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi. Şol resminamalaryň kabul edilmeginiň Arkalaşygyň ýurtlarynda bolup geçýän wakalary giňden we yzygiderli beýan edýän “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň serişdelerinde täzelikleri hem-de habarlary ýerleşdirmek arkaly türkmen habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, Türkmenistanyň gazananlaryny beýan etmek boýunça işler giň gerime eýe boldy.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Mir” teleradiokompaniýasyna beren söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi