Aşgabatda Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) edarasynyň dabaraly açylyşy boldy.
«ADNOC» Birleşen Arap Emirlikleriniň iň iri halkara nebit kompaniýasydyr. Türkmenistan bütindünýä energiýa elýeterliligini üpjün etmek we durnukly ösüşi ilerletmek boýunça wezipäni amala aşyrýan jogapkär ählumumy ýolbaşçy hökmünde «ADNOC» bilen energetika hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrýar.
Kompaniýanyň edarasy paýtagtymyzyň täze, zynatly «Arkaç» atly işewürlik merkezinde ýerleşdi. Dabaraly çärä «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçysy G.Agajanow, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhameli, birnäçe diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewürlik düzümleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Nebitgaz ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde biziň ýurdumyz ynam we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika pudagyny ösdürmek we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çemeleşmeleri we dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmagy wajyp hasaplaýar.
Şu ýyl «ADNOC» kompaniýasy Türkmenistandaky işini pugtalandyrdy: kompaniýa «Petronas» kompaniýasy, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bilen bilelikde Hazar deňzindäki «Blok 1»-ni özleşdirmek boýunça strategiki Ylalaşygy baglaşdy.
BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhameliniň açylyş dabarasynda belleýşi ýaly, Aşgabatdaky edarasy diňe bir giňelýän hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, durnukly geljege we hyzmatdaşlyga bolan umumy garaýşyň hem nyşanydyr.
