JEMGYÝETSPORT

Türkmenistanyň Olimpiýa medaly dünýä metbugatynda

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň gazanan üstünligi dünýä metbugatynda uly seslenme döretdi. Dünýäniň iri metbugat gulluklary, has takygy Russiýanyň “Ria Nowosti”, “Sport-Ekspress” we beýleki sport internet neşirleri bilen bir hatarda dünýä belli “Reuters” agentliginde hem bu barada giňişleýin berlip geçildi.

Agyr atletika ugry boýunça 59 kilogram agramda ýaryşa goşulan ildeşimiz Polina Gurýewa gowy netijeler görkezip, kümüş medalyň eýesi bolmagy başardy. Bu medal ýurdumyzyň taryhynda uly waka boldy. Olimpiýa oýunlarynda gazanan ilkinji medalymyz boldy.

Zenanlaryň arasynda 59 kg agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Polina Gurýewa birbada götermekde 96, itekläp götermekde 121 kg, umumylykda-da 217 kg agramy göterip, baýrak münberinde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdi.

Ol barada eýýäm köp sanly internet neşirleri habar berdi. “Reuters” habarlar gullugy “Gurýewa Türkmenistanyň ilkinji medaly bilen taryha girdi” sözbaşyly habary bilen türkmen türgeniniň gazanan üstünligini giň okyjylar köpçüligine ýetirdi.

Şol habarda Polina Gurýewa öz Watanyna uly üstünlik bilen dolanyp barjakdygy bellenilýär.

– Bu ilkinji medal we ony gazanmak meniň paýyma düşdi – diýip, Gurýewa Tokiodaky halkara forumda habarçylara öz ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Şeýle hem ol: “Maňa hem Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik döredi. Oňa gatnaşmak üçin köp türgenleşdim. Geljekde hem uly üstünlikleri gazanmak isleýärin” diýip, belledi.

1999-njy ýylda dünýä inen Polina Gurýewa köp sanly ýaryşlara gatnaşyp gelýär. Ol Aziýa yklymyndaky ýaryşlarda hem gowy netijeler görkezýär. 2017-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda Polina Gurýewa ýeňiş gazanypdy.

Tokio-2020: Türkmenistan ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy

Tokio-2020: Türkmenistan medally ýurtlaryň sanawynda

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasy berler

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Türkmenistanda köp çagaly zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi